Sepleriň elýeterliligi

Putin, Modi goranyş şertnamalaryny baglaşdy


Rus prezidenti Wladimir Putin bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Daşkentde, 24-iýun, 2016

Rus prezidenti Wladimir Putin bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Daşkentde, 24-iýun, 2016

Orsýet bilen Hindistan milliardlap dollara durýan goranyş ylalaşyklaryna, raketa sistemelarynyň, dikuçarlaryň, gorag gämileriniň söwdasy baradaky şertnamalara gol çekdi.

Iki ýurduň liderleri Hindistanyň günortasyndaky Goa ştatynda duşuşdy.

15-nji oktýabrda gol çekilen esasy şertnamalar esasynda Hindistanyň ýaragly güýçleriOrsýetiň howada 400 km aralykdaky nyşanalara ýetýän S-400 Triumf raketa sistemalaryna, Orsýet bilen bilelikde öndürilýän Kamov 226T dikuçarlaryna, dört sany 11356 goranyş gämilerine eýe bolar.

Metbugat habarlarynda hindi harbylarynyň Orsýet bilen edýän söwdasynyň milliardlap dollara durýandygy aýdylýar, emma bu ylalaşyklaryň bahasy barada resmi tassyklama ýok.

Iki lider Goa BRIKS ýurtlarynyň sammitine, Braziliň, Orsýetiň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Afrikanyň döwlet ýolbaşçylarynyň maslahatyna geldi.

Putin bilen Modiniň ikitaraplaýyn gepleşikleri mahalynda Orsýetiň Hindistanda gurýan ýadro elektrik stansiýasynyň nobatdaky tapgyrlarynyň hem daş aralykdan binýady goýuldy.

Orsýet bu atom elektrik stansiýasyny Hindistanyň günorta-gündogar ştaty bolanTamil Naduda gurýar. Bular Orsýetiň Hindistanda gurýan 12 ýadro elektrik stansiýasynyň bir bölegi bolup, Kudankulam ýadro elektrik stansiýasynyň 3-nji we 4-nji tapgyrlarynyň esasyny düzer.

Şeýle-de iki lideriň ýadro elektrik stansiýasynyň 5-nji we 6-njy reaktorlary baradaky şertnama hem gol çekmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG