Sepleriň elýeterliligi

Bagdat partlamasynda 34 adam öldi


Aşurada ýakylan şemler

Aşurada ýakylan şemler

Janyndan geçen bombaçy Bagdatda, şaýy musulmanlarynyň ýygnanyşygynyň ortasyna gelip, bilindäki partlaýjyly guşagyny partlatdy.

Bu hadysada azyndan 34 adamyň ölüp, 36 adamyň hem ýaraly bolandygy aýdylýar.

Polisiýa 15-nji oktýabrda bolan partlamanyň adamdan doly çadyryň içinde, şaýylaryň Aşura dessurlarynyň ýerine ýetirilýän, Muhammet pygamberiň 7-nji asyrda öldürilen agtygy Huseýiniň ýasynyň tutulýan mahalynda bolandygyny aýdýar.

Bomba ýarylançadyr şäheriň demirgazygyndaky al-Şaab etrabynyň mähelleli bazarynda dikilipdir.

XS
SM
MD
LG