Sepleriň elýeterliligi

Saud koalisiýasy 140 adamy "ýalňyşyp" öldürendigini aýdýar


Saana, 8-nji oktýabr hüjüminden soň

Saana, 8-nji oktýabr hüjüminden soň

Saudlylaryň ýolbaşçylygynda Ýemendäki pitneçilere garşy söweşýän koalisiýa öz uruş uçarlarynyň biriniň paýtagt Saanada «ýalňyşlykda» gölegçileri nyşana alyp, 140-dan gowrak adamy öldürendigini aýdyp, tertip-düzgün çärelerini yglan etdi.

Koalisiýanyň derňew topary 15-nji oktýabrda bu howa zarbasynyň koalisiýanyň düzgün-talaplaryna eýerilmän, ýalňyş maglumat esasynda urlandygyny aýtdy.

8-nji oktýabrdaky howa zarbasy halkara gahar-gazap döretdi we hatda Saud Arabystanynyň iňýakyn günbatar ýaranlary hem ony berk tankyt etdi.

Ak tam 14-nji oktýabrda özüniň saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa berýän goldawyna gaýtadan seretmekçidigini aýtdy.

ABŞ-nyň uly derejeli resmisi 14-nji oktýabrda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, bu hüjüm sebäpli Birleşen Ştatlaryň Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa berýän ähli kömegine, şol sanda aňtaw maglumatlaryna, logistika we uçarlara ýangyn guýulmagy babatda berilýän kömeklere gaýtadan seredilýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Saud Arabystanyny we onuň bu kampaniýadaky Aýlak hyzmatdaşlaryny 100 milliard dollardan gowraga durýan ýarag bilen üpjün etdi.

XS
SM
MD
LG