Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barzani Mosul söweşine taýýarlyk tamamlandy diýýär


Yragyň kürt lideri Massud Barzan
Yragyň kürt lideri Massud Barzan

Yragyň kürt lideri Massud Barzani 15-nji oktýabrda Mosuly azat etmek operasiýasyna taýýarlygyň tamam bolandygyny we indi söweşe başlamak wagtynyň gelendigini yglan etdi.

ABŞ-nyň goldamagynda Mosuly yzyna almak üçin ediljek hüjümde Yragyň awtonom kürt regionynyň güýçleriniň esasy rol oýnamagyna garaşylýar.

Mosul Yragyň ikinji uly şäheri bolup, 2014-nji ýylyň iýunyndan bäri «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň kontrolynda saklanýar.

Bu operasiýanyň başlanmagynyň basym yglan edilmegine we şol bir wagtda onuň kyn we çylşyrymly söweşleriň diňe başy bolmagyna garaşylýar.

Bu söweş başga bir ynsanperwer krizisine hem ýol açjaga meňzeýär. BMG gyşyň gelmegi bilen bu söweşiň bir milliona çenli adamy ýaşaýan ýerinden göçürjegini duýdurýar.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 15-nji oktýabrda Lozannada Siriýa krizisi baradaky gepleşikler mahalynda öz koalisiýa partnýorlary bilen bu söweşe goşulmak ähtimallygy barada gürleşjekdigini aýtdy.

Türkiýe bu hüjüme şaýy milisiýasynyň, şol sanda öz garşy durýan kürt jeňçileriniň ýolbaşçylyk etmeginden alada galýar.

Mundanam başga, Türkiýe bilen Yragyň arasynda Mosulyň golaýyndaky Başiga lagerinde saklanýan türk goşunlary babatda oňuşmazlyk bar.

XS
SM
MD
LG