Sepleriň elýeterliligi

BRICS liderleri Hindistanda sammit geçirýär


BRICS liderleri Hindistanyň günorta-günbatar ştaty bolan Goada guralan ýyllyk sammite toplandy.

BRICS liderleri Hindistanyň günorta-günbatar ştaty bolan Goada guralan ýyllyk sammite toplandy.

Güýçlenýän ykdysadyýetleriň bäş döwletiniň – BRICS-iň liderleri 16-njy oktýabrda Hindistanyň günorta-günbatar ştaty bolan Goada guralan ýyllyk sammite toplandy.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi özüniň sammitde sözlän açyş sözünde Braziliň, Orsýetiň, Hytaýyň we Günorta Afrikanyň prezidentlerine ýüzlenip, terrorizmiň «parahatçylyga, howpsuzlyga we ösüşe düýpli wehim salýandygyny» aýtdy diýip, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Vikas Swarup twitterde ýazdy.

«Gynançly ýeri, onuň özeni Hindistanyň goňşy ýurdy bolup durýar» diýip, Modiniň Pakistany nazara alyp aýdandygy habar berilýär.

Nýu-Deli Yslamabady dawaly Kaşmirdäki jeňçi toparlary goldamakda, şeýle-de ýurduň beýleki ýerlerine zorlukly çäreleri amala aşyrmak üçin söweşiji ýollamakda aýyplaýar. Pakistan bu aýdylýanlary ret edýär.

Orsýet bilen Hindistan 15-nji oktýabrda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklarda milliardlap dollara durýan energiýa we goranyş şertnamalaryna gol çekdi.

BRICS agzalary dünýäniň ilatynyň ýarysyna golaýyna we dünýä ykdysadyýetiniň dörtden birine wekilçilik edýär

XS
SM
MD
LG