Sepleriň elýeterliligi

Orsýet  ABŞ-nyň haýbatlaryny tankytlaýar


Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow

Orsýet ABŞ-nyň kiber hüjümleri diýilýänler sebäpli «görülmedik» haýbatlaryny tankyt etdi.

Moskwanyň ret etmeleri ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň 14-nji oktýabrda amerikan syýasy guramalaryna edilendigi aýdylýan kiber hüjümleri bilen baglylykda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine «yşarat» iberiljekdigi barada aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.

"Bu haýbatlar Moskwa we biziň döwlet ýolbaşçylarymyza gönükdirilen we ABŞ-nyň wise-prezidenti derejesindeaýdylýar” diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 15-nji oktýabrda «RIA Novosti» habar gullugyna aýtdy.

"Biz bu agressiw, görülmedik ýagdaý bilen baglylykda öz bähbitlerimizi goramak, töwekgelliklere garşy durmak üçin çäre görmeli» diýip, Peskow aýtdy.

XS
SM
MD
LG