Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda "Ýaňlan, diýarym!" bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi


Türkmen bagşysy
Türkmen bagşysy

15-nji oktýabrda Aşgabatda «Ýaňlan, diýarym» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde, her ýyl ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilýän ýaryşa bu ýyl ýurt boýunça 715 aýdymçynyň gatnaşandygy habar berilýär.

Aýdym aýtmak boýunça ýaryşyň jemleýji bäsleşigine gatnaşmak üçin welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 12 aýdymçy seçilip alyndy.

Olar Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar» köşgünde ýaryşyň jemleýji bölegine gatnaşdylar.

Bäsleşigiň soňunda ýeňijiler yglan edildi we olar ýörite diplom, Türkmenistanyň prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy, ýaryşa gatnaşanlaryň galanyna gymmatbaha sowgatlar berildi diýip, döwlet mediasynyň habarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG