Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegronyň polisiýasy 20 adamy tussag etdi


Montenegronyň polisiýasy
Montenegronyň polisiýasy

Montenegronyň polisiýasy parlament saýlawlarynyň ses berişligi tamamlanyndan soň ýaragly hüjümi planlaşdyrmakda güman edilýän 20 adamy tussag edendigini aýdýar.

Milli polisiýanyň başlygy Slawko Stoýanowiç 16-njy oktýabrda 15-nji oktýabr güni tussag edilenleriň goňşy Serbiýadan gelendiklerini aýtdy.

Stoýanowiç bu toparyň döwlet edaralaryna, polisiýa we belki-de döwlet resmilerine hüjüm etmek üçin «awtomatik ýaraglary ele almagy» planlaşdyrandygyny aýtdy. Ol başga jikme-jiklikleri aýtmady.

Kiçijik Balkan ýurdunda saýlawçylar 16-njy oktýabrda Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky seçgi diýlip häsiýetlendirilen parlament saýlawlarynda ses bermäge çykdylar.

Sosialistleriň uzak wagt bäri dolandyryşda bolan Demokratik partiýasy Orsýete tarapdar we serbiýaçy, ýurduň NATO goşulmagyna hem-de Ýewropa Bileleşigine goşulmaga tarap ugur almagyna garşy durýanoppozision toparlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG