Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda iki şübheli söweşiji öldürildi


Dagystanda howpsuzlyk güýçleri ýörite operasiýalary geçirýärler.

Dagystanda howpsuzlyk güýçleri ýörite operasiýalary geçirýärler.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Dagystanda howpsuzlyk güýçleri terrorçylyk hereketlerinde ilteşigi bolmakda güman edilip, resmiler tarapyndan gözlenilýän iki söweşijini öldürdiler.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy Milli komitetiniň 17-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän iki söweşiji gijäň ýary Dagystanyň günorta-gündogaryndaky Derbent şäherinde geçirilen ýörite operasiýa döwründe öldürildi.

Dagystan Demirgazyk Kawkazda yslam döwletini döretmek isleýän ýaragly jenaýatçy toparlaryň we söweşijileriň zorlugynyň merkezine öwrüldi.

Bu ýerde polisiýa işgärleri, žurnalistler we hökümet resmileri hüjümlere ýygy-ýygydan sezewar edilýärler.

XS
SM
MD
LG