Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sünniler "Muhammet" kinofilmine nägilelik bildirdiler


Tähranda "Muhammed" filminiň bildirişi.
Tähranda "Muhammed" filminiň bildirişi.

Mumbaýdaky sünni-musulman guramasy, Daşary işler ministrligi bilen Eýranyň Hindistandaky konsulhanasyna ýüzlenip, eýranly režissýor Majit Majidiniň Muhammet pygamber hakda surata düşüren kinosynyň gadagan edilmegini isläpdir.

Daşary işler ministri Rajnath Singhe, premýer-ministr Maharaştra Dewendra Fadnawisa iberilen ýüzlenmede “Raza Akademiýasy” kinofilmiň sazyny ýazan hindistanly kompozitory A. R. Rahmanyň hem jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.

Gurama, bu ýagdaýyň hindistanly musulmanlaryň diýseň göwnüne degýändigine hem aýratyn üns çekipdir.

"Muhammet Allanyň ilçisi" atly kinofilmiň tanymal režissýoryň Muhammet pygamber hakda söz açýan trilogiýasyndan ilkinjisidir. Kinofilm, hezreti Muhammediň pygamber bolmazdan owal entek 12 ýaşyndaka bolan durmuşyny we şol döwürde Mekge şäherinde bolup geçýän wakalary suratlandyrýar.

“Maslahatçy topary kabul etmediler”

2015-nji ýylda surata düşürilen kinofilmde Sareh Baýat, Mohsen Tanabandeh, Rana Azadiwar, Aly Reza Şoja-Nury we beýleki birnäçe tanymal aktýorlara rol berlipdir.

Kinofilm, 27-nji awgustda Monrealda geçirilen kinofestiwalda tanadylandan soňra, şol bir wagtyň özünde Eýranda 57 kinoteatrda tomaşaçylara hödürlenip, dünýäniň dürli ýerine hem ýaýrady.

“Raza Akademiýasynyň” düýbüni tutan Muhammet Said Nuri şeýle ýüzlenmesinde şeýle diýýär: "Birinjiden kinofilme pygamberiň ady dakylmaly däldir. Adamlar kino hakda gürrüň eden mahaly birden paýyş söz aýdaýsa, bu Muhammet pygambere hormatsyzlyk ýaly hasaplanar. Ikinjiden, yslamda surata rugsat berilmeýär. O taýda bolsa birnäçe aktýor Muhammediň roluny ýerine ýetirýär... Kinofilm köpsanly dilde seslendirilipdir we golaýda bütin dünýä ýaýrar. Bu oňaýly ýagdaý däldir. Çünki, kinofilm Eýranyň puluna surata düşürilendigi üçin, Eýran hem yslam respublikasy bolany sebäpli adamlaryň aglaba köpçüligi kinofilmi ýöriteleşdirilen hasaplaýar".

Nuriniň bellemegine görä, akademiýanyň 5 agzaly maslahatçy topary arz-şikaýat üçin Eýranyň Mumbaýdaky konsulhanasyna gidenem bolsa, olary hiç kim kabul etmändir.

Musulman ýurtlaryň garaýyşlary

Yslamda pygamberiň suraty gadagan bolandygy üçin Majidi pygamberiň ýüzüni kinoda görkezmändir. Emma muňa garamazdan, ol kinofilm Eýrandan daşarda hem köp jedelleşiklere duçar bolupdyr.

Müsürdäki Al-Azhar metjidi bilen arabaglanşykly bolan “Yslam barlaglar akademiýasy” hem kinofilme oňaýsyz baha beripdir. Şol bir wagtyň özünde Saud Arabystanyň baş müftüsi hem ol kino garşy çykypdyr. Ýöne, belli bir bölegine maliýe kömegini beren Eýran hökümeti bolsa ol kinofilmi diýseň halapdyr.

56 ýaşyndaky Majidi "Jennetiň şöhlesi" (1999) we "Samanyň çagalary" (1997) atly meşhur kinofilmleriň awtorydyr. Ol kinolar iň gowy daşary ýurt kinofilmi ugry boýunça Oskar baýragyna hödürlenipdi.

XS
SM
MD
LG