Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda awtobus heläkçiliginde 27 adam ödli


Pakistanyň kartasy.
Pakistanyň kartasy.

Pakistanyň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky Punjab welaýatynda iki awtobusyň çaknyşmagy netijesinde azyndan 27 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Polisiýa wakanyň 17-nji oktýabrda Rahim Ýar Han şäheriniň golaýynda bolandygyny habar berdi. Bu şäher Punjab welaýatynyň paýtagty Lahoryň 600 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Bu ýol hadysasynda başga-da 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Halas ediş gullugynyň işgärleri awtobusyň içinde we aşagynda galan adamlary halas etmäge çalyşýarlar diýip, ýerli hökümet resmisi Zafar Ikbal aýtdy. Şeýle-de, ol ölenleriň sanynyň artmagyndan alada edilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Pakistan hökümetiniň statistikalaryna laýyklykda, ýollaryň idegsizligi, sürüjileriň ulaglary biperwaý sürmegi we ulaglara ýeterlik derejede tehniki serenjam berilmeýändigi sebäpli ýurtda her ýyl 5,000 çemesi adam heläk bolýar.

XS
SM
MD
LG