Sepleriň elýeterliligi

Abhaziýada bir adam özüni partlatdy


Gürjüstanyň kartasy.

Gürjüstanyň kartasy.

Gürjüstanyň Abhaziýa regionynda döwlet eýeçiligindäki telewideniýe merkezinde şahsyýeti nämälim adam öz-özüni parlatdy.

Abhaziýanyň de-fakto, ýagny iş ýüzündäki içeri işler ministri Aslan Kobahiýanyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän adam 17-nji oktýabrda regionyň paýtagty Suhumidäki Döwlet telewideniýe we radio ýaýlymlary korporasiýasynyň binasynyň girelgesinde partladyjy serişdäni ýarypdyr.

Resmiler wakanyň bolan ýerinde derňewleri geçirip, partlamanyň netijesinde ölen adamyň şahsyýetini anyklamaga synanyşýarlar.

Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitleri Russiýa tarapyndan goldanylýan separatist regionlar bolup, olar özleriniň garaşsyzlygyny yglan etdiler. Russiýa 2008-nji ýyldaky gysga wagtlaýyn rus-gürji urşundan soň, iki regiony garaşsyz ýurt diýip ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG