Sepleriň elýeterliligi

Yrak Mosuly ‘YD-dan’ yzyna almak üçin operasiýalara başlady


Yragyň kürt peşmerga söweşijileri.

Yragyň kürt peşmerga söweşijileri.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Alabadi Mosuly “Yslam döwleti” atly ekstremist topardan yzyna almak boýunça köp wagtdan bäri garaşylýan operasiýalaryň başlaýandygyny yglan etdi.

“Ýeňşiň wagty geldi we Mosuly azat etmek ugrundaky operasiýalar başlady” diýip, Abadi 17-nji oktýabrda döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Yragyň ikinji iň uly şäheri Mosulyň kontrollygyny yzyna almak ugrundaky söweşler mundan birnäçe aý ozal planlaşdyrylypdy.

Bu söweş 2011-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň harbylary Yragy terk edeni bäri ýurtda geçirilýän iň uly harby operasiýa bolar.

Mosul 2014-nji ýylyň iýun aýyndan bäri “Yslam döwleti” atly toparyň kontrollygynda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG