Sepleriň elýeterliligi

Mogerini: ÝB Russiýa garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutmaýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini birleşik Russiýanyň Siriýadaky hereketleri üçin Moskwa garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutmaýar diýdi.

“Bu birleşige agza hiç bir ýurt tarapyndan teklip edilmedi” diýip, Mogerini aýtdy. Ol bu barada 17-nji oktýabrda Siriýa krizisini maslahat etmek boýunça Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen geçirilýän ýygnaga gatnaşmak üçin Lýuksemburga baranda aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol ok atyşygy bes etmegi üpjün etmek baradaky tagallalaryň bir bölegi hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa režimine garşy girizen sanksiýalarynyň möhletini uzaldyp biljekdigini belledi.

16-njy oktýabrda Birleşen Ştatlar we Britaniýa Aleppony bombalamagy bes etmegi üçin Siriýa hökümetine we Russiýa garşy basyş etmek maksady bilen täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG