Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň kanunçykaryjylary aktiwistiň boşadylmagyna çagyrýarlar


Narges Mohammadi.
Narges Mohammadi.

Eýranyň kanunçykaryjylarynyň bir topary ýurduň sud ulgamynyň başlygyna açyk hat ýazyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen žurnalist we aktiwist Narges Mohammadini azatlyga goýbermäge çagyrdylar.

Mohammadi geçen ýyl Eýranda ölüm jezasyny bes etmek barada kampaniýa başladansoň, tussag edilipdi.

Ol şu ýylyň maý aýynda ölüm jezasyna garşy göreşmek hereketini döretmekde 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şonda bu hereket sud tarapyndan bikanun topar diýlip hasaplandy.

16-njy oktýabrda çap edilen hatda kanunçykaryjylar ýurduň sud ulgamynyň başlygy Aýatollah Sadeg Larijana “yslam respublikasynyň rehim-şepagatyny durmuşa geçirip”, Mohammadini öz çagalary bilen gaýtadan birleşdirmäge çagyrýarlar.

Şeýle-de, hatda kanunçykaryjylar Mohammadiniň barha ýaramazlaşýan saglyk ýagdaýyna hem ünsi çekýärler.

XS
SM
MD
LG