Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda çagany jyns esasynda aýyrtmak artýar


Azerbaýjanda çagany jyns esasynda düşürmek artýar.

Azerbaýjanda çagany jyns esasynda düşürmek artýar.

Iki gyz çaganyň enesi bolan Amina Aliýewanyň göwresindäki çaganyň ýene bir gyzdygy belli bolanda maşgalasy oňa mundan dyn diýipdir.

"Biz gaýyn enem we adamym bilen çaganyň jynsyny öňünden anyklatmaga gitdik. Lukman çaganyň gyzdygyny aýdanda olar dünýä agan ýaly bolup, ör-gökden geldiler, maňa çagany aýyrt" diýdiler.

30 ýaşly Aliýewa ginekologyň hem gaýyn enesiniň we adamsynyň tarapyny çalyp, çagany aýyrtmak üçin ony yrmaga synanyşandygyny aýdýar.

Aliýewanyň aýtmagyna görä, ol bu işe meýilli bolmandyr, ýöne adamsy aýrylyşyp, gyzlary öz hossarlygyna aljakdygyny aýdyp, haýbat atypdyr.

Bu Azerbaýjanda ýeke Aliýewanyň başyna gelen zat däl. Bu ýerde patriarhat jemgyýet aýallara erkek çaga dogrup, Hazar döwletindäki seýrek jyns deňagramsyzlygyna goşant goşmak üçin güýçli basyş edip bilýär.

Azerbaýjanda täze doglan çaglaryň köpüsi erkek - her bir 100 gyza 115 oglan - global ortaça hasap bolsa 100 gyza 107 oglan.

"Adaty" zat

2010-njy ýylda geçirilen "Kawkazda erkek çagalaryň azlygynyň syry" atly barlagda Azerbaýjanda dogulýan gyzlaryň sany garaşylyşyndan aşak diýen netijä gelindi. Gelnen netije ýurtda jyns esasynda düşürilen 8381 çaganyň sanyna deň.

Post-sowet ýurtlaryň käbirinde alnyp barlan barlagda jyns gatnaşygynda ýokary deňagramsyzlygyň bardygy kesgitlenildi. 1980-nji ýyllaryň ahyrlaryndan bäri Azerbaýjanda, Ermenistanda we Gürjüstanda tutuşlygyna alanyňda doglan gyz çagalaryň sany 10 prosent aşak bolupdyr.

Barlagda jynsy öňünden anyklanyp, çaga aýyrtmak Azerbaýjanda we Ermenistanda "adaty" zat diýen netijä gelinýär. Bu meseläniň çözgüdi üçin maşgala planlaşygy we kanuny interwensiýa maslahat berilýär.

Aliýewanyň çaklamagyna görä, göwreliliginiň üstünden 15 hepde geçensoň çagasynyň düşürilmegi bikanun. Azerbaýjanda çagany aýyrtmak göwreliligiň üstünden 12 hepde geçmezden bärde kanuny hasaplanýar.

"Ol ganhorlar meniň çagamyň elini, aýagyny kesdiler. Ýöne men-de ganhor. Biz dünýädäki iň uly günäni etdik. Ählimiz - eje, kaka we ene - biz wagşylarça bir ejizje mahlugy öldürdik" diýip, Aliýewa aýdýar.

"Näçe pida çekseler-de, synanyşmakdan el üzenoklar"

Bakuly ginekolog Terena Hasonowa jyns esasynda çagany aýyrtmak üçin maşgala agzalarynyň täsir etmäge synanyşmagy adatdan daşary zat däl diýýär: "Olar aýala basyş edýärler, onsoň çagany aýyrtmak ýeke-täk ýol bolup görünýär. Ol göwräňdäki çaga ogul diýilene deňiç çagasyny aýyrtmagy dowam etdirýär".

Hasanowa kähalatlarda hem çagany aýyrtýan aýallaryň özi. Sebäbi olar hökman ogul bolmalydyr öýdýärler diýýär: "Olar näçe pida çekseler-de, synanyşmakdan el üzenoklar" diýip, Hasanowa sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol Azerbaýjanda erkek çagalaryň köplük bolup durýanlygynyň aňyrsynda ýatan sebäbiň çagalaryň jyns esasynda düşürilmegi diýýär. Doglan çagalary hasaba alýan Adalat ministrliginiň aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň birinji kwartalynda doglan çagalaryň 53 prosenti erkek çagalar.

"Beýle bolmasa, dogulýan erkek çagalaryň birden artmagyny nädip düşündirjek. Bu diňe çaganyň jyns esasynda düşürilmegi netijesinde bolup bilýär" diýip, Hasanowa aýdýar.

“Çagalary ogul bolsa, muňa guwanýarlar”

Ol jyns deňagramsyzlygy mekdeplerde mese-mälim diýýär: "Orta mekdeplerde bir synpda 6 gyz we 17 oglany ýa 14 oglan we 5 gyzy görýärsiň".

Psiholog Daýanat Rzaýew Azerbaýjan ýaly patriarhat jemgyýetlerde köp maşgalalar oglanlara maşgalanyň geljeginiň howpsuzlygy diýip garaýarlar diýýär: "Oglanlara köplenç maşgalanyň goldawy diýlip garaýarlar. Çagalary ogul bolsa, muňa guwanýarlar".

Maliýe kynçylyklary we bilimiň ýetmezçiliginiň hem gyz çagalaryň düşürilmeginiň sebäpleriniň biridigine ynanylýar. Ýurtda çagalaryň düşürilmegine mümkinçilik berýän zat diýip çagalaryň jynsyny öňünden anyklama tehnologiýasy agzalýar.

Aliýewa edinen bu tejribesinden soňra agyr psihologik kynçylykdan ejir çekip, maşgalasy bilen arasyny bozupdyr.

Ol bu prosesi başdan geçireninden soňra adamasy bilen bile ýaşaşyp bilmejekdigine göz ýetirendigini aýdýar. Alty aý soňra adamsyndan aýrylypdyr. Onuň 3 we 5 ýaşyndaky gyzlaryny öňki adamsynyň maşgalasy saklaýar.

Ol: "Çagamy olara öldürtmän, şonda aýrylsadym" diýip ökünýär.

XS
SM
MD
LG