Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum: Yrak türkmenleri we harby operasiýalar


Yrakdaky etniki türkmenler.
Yrakdaky etniki türkmenler.

Yrakdaky uruşlar sebäpli bu ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriñ köpüsi öz ýaşaýan ýerlerini terk edip, bosgunlyga düşendigi, galanlarynyñ bolsa dürli ýaragly toparlaryñ howpy astynda ýaşaýandygy aýdylýar.

"Yslam döwleti" (DAEŞ) toparyna garşy alnyp barylýan harby operasiýalaryñ gün tertibinde etniki türkmenleriñ aglaba köpçülikde ýaşaýan Mosul we Talafar sebitleri bar. Şol bir wagtyñ özünde bu ýerler "YD" toparyna garşy göreşde örän möhüm strategiki ähmiýete eýe.

Yrakdaky etniki türkmenler alnyp barylýan we geljekde planlaşdyrylýan harby operasiýalar barada nähili pikirde? Harby operasiýalar we sebitdäki durnuksyzlyk yrakly etniki türkmenleriñ durmuşyna nähili täsir edýär? Türkmenler nähili kömege mätäçlik çekýärler? Yrak türkmenleri häzirki ýagdaýda nähili çykalgalar hem çözgütler gözleýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiñ nobatdaky sanyny Yrakdaky harby hereketleriñ etniki türkmenleriñ durmuşyna ýetirýän we ýetirjek täsirlerine gönükdirýär.

Bu temadaky gepleşige gatnaşmak, öz tejribelerini we gören-eşidenlerini dünýä türkmenleri bilen paýlaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyñ üsti bilen aragatnaşyga geçip biler. Teswirleriñizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiñiz.

XS
SM
MD
LG