Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Aleppodaky howa zarbalary durzuldy


Aleppo şäheriniň demirgazygyndaky Katarji sebiti. 17-nji oktýabr, 2016 ý.

Aleppo şäheriniň demirgazygyndaky Katarji sebiti. 17-nji oktýabr, 2016 ý.

Moskwa Russiýanyň we Siriýanyň howa güýçleriniň Aleppo şäherindäki howa zarbalaryny duruzýandygyny aýdýar.

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 18-nji oktýabrda beren maglumatynda parahat ilatdan ýaşaýjylaryň we pitneçileriň gabawdaky şäheri terk etmegine rugsat bermek maksady bilen, howa zarbalary ýerli wagt bilen sagat 10:00-dan başlap durzuldy diýdi.

Bu baradaky maglumat, düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy “rus uçarlarynyň gijäň ýary Alepponyň pitneçileriň kontrollygyndaky territoriýalarynda güýçli howa zarbalaryny amala aşyrandygyny” mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

17-nji oktýabrda Russiýa Alepponyň günortasyndaky etrapdan parahat ilatyň we pitneçi söweşijileriň aman çykmagyna rugsat bermek üçin 20-nji oktýabrda operasiýalary sekiz sagatlyk duruzjakdygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG