Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt komandirleri Mosul operasiýalarynda progressiň bolandygyny öňe sürýärler


Yrakly kürt peşmerga söweşijileri. 17-nji oktýabr, 2016 ý.
Yrakly kürt peşmerga söweşijileri. 17-nji oktýabr, 2016 ý.

Yrakdaky kürt komandirleri Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň uçarlary tarapyndan goldanylýan yrak güýçleriniň we peşmerga söweşijileriniň Mosulda başladan operasiýalarynda uly öňe gidişligi gazanandyklaryny öňe sürýärler. Bu operasiýalar Yragyň demirgazygyndaky Mosul şäherini “Yslam döwleti” atly topardan yzyna almak ugrundaky tagallalaryň bir bölegidir.

Bir günüň dowamynda atylan artilleriýa oklaryndan, bombalardan we raketalardan soň, 17-nji oktýabrda kürt güýçleri 200 kilometr çemesi territoriýanyň kontrollygyny yzyna alandyklaryny we “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini yzyna serpikdirendiklerini aýtdylar.

2014-nji ýyldan bäri “Yslam döwleti” toparynyň kontrollygynda saklanýan Mosuly yzyna almak baradaky söweş, amerikan güýçleri 2011-nji ýylda Yragy terk edeli bäri bu ýurtda geçirilýän iň uly harby operasiýadyr.

Bu operasiýalar ençeme aý öňünden planlaşdyrylypdy we üstünlikli bolan halatynda ekstremistler üçin uly ýeňliş bolar.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi ilatynyň aglabasy sünni musulmanlardan ybarat Mosul şäherine diňe hökümet güýçleriniň girjekdigini wada berdi.

XS
SM
MD
LG