Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iwanow: Aňrybaş howpsuzlyk gullugyny döretmek planlary ‘galp’


Russiýanyň prezidentiniň edarasynyň öňki başlygy Sergeý Iwanow.
Russiýanyň prezidentiniň edarasynyň öňki başlygy Sergeý Iwanow.

Russiýanyň prezidentiniň edarasynyň öňki başlygy Sergeý Iwanow Kremliň aňrybaş howpsuzlyk gullugyny döretmegi planlaşdyrýandygy baradaky öňe sürmeleri ret etdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda “Kommersant” gazeti Russiýanyň ýurduň Federal Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) çäginde Döwlet Howpsuzlyk ministrligini döretmegi planlaşdyrýandygyny habar beripdi.

Şeýle-de, neşir bu ministrligiň Federal Goranmak gullugynyň (FSO), Daşary Aňtaw gullugynyň (SWR) we Milli Gwardiýanyň struktura, gurluşyny öz içine aljakdygyny aýtdy.

Bu gulluk Sowet Soýuzynyň KGB-sini ýatladar diýip, gazetiň maglumatynda nygtaldy.

Emma 18-nji oktýabrda “Komsomolskaýa Prawda” gazetine beren interwýusynda Iwanow bu maglumatlary “100 prosent galp” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG