Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dört lider ukrain krizisini Berlinde maslahat eder


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň liderleri gündogar Ukrainada parahatçylygy gazanmak tagallalaryny maslahat etmek üçin 19-njy oktýabrda Berlinde sammit geçirýärler.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkony we Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandy Minsk ylalaşygynyň “ýerine ýetirilişini maslahat etmäge” çagyrdy diýip, 18-nji oktýabrda german lideriniň metbugat wekili Steffen Seibert aýtdy.

Şeýle-de, Seibert olar ukrain krizisiniň soňuna ýetmäge gönükdirilen prosesde “mundan beýläk ädilmeli ädimleri maslahat ederler” diýdi.

Gürrüňi edilýän dört lider özleriniň Ukraina baradaky iň soňky sammitini 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiripdi.

XS
SM
MD
LG