Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: “Alaçsyzlykdan” bikanun işledilýän çagalar


Meýlisiň sapaklaryndan soň ýerli hojalyklaryň mal ýataklaryny 2 manada arassalap berýär.

Meýlisiň sapaklaryndan soň ýerli hojalyklaryň mal ýataklaryny 2 manada arassalap berýär.

Daşoguzly 14 ýaşyndaky Meýlis soňky aýlarda, her hepde soňuny daň atandan, gün ýaşýança pagta meýdanlarynda geçirýär. Saparmyrat Nyýazow etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 8-nji klas okuwçysy Meýlis – Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen bu işe – meýletin, ene-atasynyň razylygy bilen ugradylýar.

“Men mekdebimizdäki bir mugallymyň ýerine [pagta] çykýaryn. Munuň üçin her günüme 10 manat berilýär, şeýle-de, ýygan her kilogram pagtama 40 teňňe tölenýär. Eger çynymy edip, 40 kilogram pagta ýygyp biläýsem, günlükçi hakym bilen günüme 26 manat gazanýaryn” diýip, Meýlis Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Emma okuwçy Meýlisiň çekýän agyr zähmeti diňe bir hepde soňlary bilen çäklenmeýär, ol okuw günleri hem sapaklaryndan soň ýerli hojalyklaryň mal ýataklaryny 2 manada arassalap berýär.

Meýlisiň ýaşyndakylara agyr diýlip hasaplanýan işlere sebitiň ýene-de onlarça mekdep okuwçylarynyň çekilýändigine üns çekilýär. Daşogzuň Köneürgenç etrabynyň 36-njy mekdebiniň 6-njy klas okuwçysy Resul bolsa, “40 ýyllyk” daýhan birleşigindäki kerpiç zawodynda gününe 15 manat alyp işleýär.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, köp halatlarda çagalar ene-atalarynyň razylygy bilen pagta meýdanlarynda, zawodlarda işlemäge mejbur edilýär. Muňa hem sebitdäki hojalyklaryň agyr maliýe ýagdaýynyň sebäp bolýandygy aýdylýar. Ýatlap geçsek, soňky birnäçe aýdan bäri Daşoguzda bir tarapdan aýlyklar gijikdirilýän bolsa, beýleki tarapdan bazardaky harytlaryň bahalary gitdigiçe gymmatlap barýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi Mekan Täşliýew ene-atalaryň ýetginjek ýaşyna ýetmedik oguldyr gyzlaryny “alaçsyz ýagdaýda” zähmet çekmäge ugradýandyklaryny gürrüň berýär.

“Olar mejbur bolýarlar-da. Sebäbi işlemeýän hojalyklar bar. Işläýenlerinde-de, berilýän zähmet haklary maşgala [gerekli harytlary almak üçin] ýetip duranok; ýetse-de wagtynda berlenok. Bu [çagalaryň gazanýan puly] nähili hem bolsa – girdeji-dä” diýip, Mekan aýtdy.

Emma bahalaryň soňky gymmatlamagynyň fonunda çagalaryň zähmetinden gelýän pullaryň hem iň zerur hajatlar üçin-de ýetmeýändigi nygtalýar.

“Maşgalada aýlyk alýan baram bolsa, çagalar hem zähmet çekmäge ugradylýanam bolsa, bu pullar häzirki bazar şertlerine gabat gelenok. Bu öňem-ä gabat gelip duranokdy, welin häzir azyklar has hem gymmatlady” diýip, Mekan nygtady.

Sözümiziň başynda hem belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanda çaga zähmeti gadagandyr. Ýurtda bu ugur boýunça 2005-nji, 2008-nji ýyllarda ýörite kanunlar kabul edildi; 2010-njy ýylda hem ýurt Halkara zähmet guramasynyň çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy.

Emma ýurduň kagyz ýüzündäki kanunçylygyna garamazdan, iş ýüzünde ýurduň dürli künjeklerinde çagalar üçin agyr diýlip hasaplanýan işlerde ýetginjek ýaşyna ýetmedik türkmenistanlylaryň köpçülikleýin ýagdaýda zähmet çekip ýörendiklerini synlasa bolýar.

XS
SM
MD
LG