Sepleriň elýeterliligi

Kürt komandirleri: Mosul hüjüminde ep-esli öňegidişlik boldy


Yragyň harby güýçleri. 17-nji oktýabr, 2016 ý.

Yragyň harby güýçleri. 17-nji oktýabr, 2016 ý.

Kürt komandirleri Yragyň demirgazyk şäheri Mosuly "Yslam döwletiniň" jeňçilerinden yzyna almak boýunça Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň goldawy bilen bu şähere gönükdirilen hüjümde peşmerga söweşijileri bilen yrakly güýçleriň ep-esli öňegidişlik edendigini aýdýarlar.

Bir günläp atylan artilleriýa oklaryndan, bombalardan we raketalardan soň, 17-nji oktýabrda kürt güýçleri takmynan 200 kwadrat kilometr territoriýany alyp, "Yslam döwletiniň" söweşijilerini yza serpikdirendiklerini aýtdylar.

2014-nji ýyldan bäri "Yslam döwleti" atly toparyň elinde bolan Mosuly yzyna almak boýunça barýan söweş amerikan harbylary 2011-nji ýylda Yragy terk edeli bäri bu ýerde geçirilýän iň uly harby operasiýadyr.

Hökümet güýçleri Mosula tarap onuň 60 kilometr çemesi günortasynda ýerleşýän Kaýýarah bazasyndan hereket etse, peşmerga güýçleri gündogardan ilerleýär.

“Belli bir zady aýtmakdan entek ir”

Ýaran güýçleriň, aglabasy ilatsyz boşap galan obalara girmek bilen, söweşiň ilkinji güni gazanan üstünlikleri simwolik ähmiýetlidir. Muňa garamazdan, Amerikanyň goranmak departamentiniň sözçüsi Peter Koogyň aýtmagyna görä, Yragyň güýçleri göz öňünde tutulanyndan has öňde.

"Irki alamatlar boýunça, Yragyň güýçleri öz maksatlaryny amala aşyrdy. Olar ilkinji gün üçin göz öňünde tutulanyndan has öňde. Bu Yragyň planyna laýyklykda barýar. Ýöne, ýene bir gezek nygtaýaryn, belli bir zady aýtmakdan entek ir" diýip, Kook aýtdy.

Ol soňra hem: "Göreris, ["Yslam döwleti"] durup, söweşýärmi. Ýöne biz, näme bolsa-da, yraklylaryň bu işi bitirip biljekdigine ynanýarys" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ondan ozal Yragyň egni harby eşikli premýer-ministri Haýdar al-Abadi ýurduň ofiserleriniň arasynda durup, operasiýanyň başlanandygyny uly dabara bilen yglan edip, "Ýeňşiň wagty gelip ýetdi" diýdi.

“Mosula diňe hökümet güýçleri girer”

Ol şeýle hem ilatynyň aglaba köplügi sünnilerden durýan Mosula diňe hökümet güýçleriniň girjekdigini wada etdi. Bu ähmiýetli meseledir, sebäbi Mosulyň töweregindäki operasiýalara Eýran tarapdan goldanylýan şaýy ýarym harbylar-da gatnaşýar. Parahat ilata degişli sünnilere ozal zulum-sütem etmekde aýyplanýan bu ýarym harbylaryň gatnaşmagy Mosuldaky sünni ilatyň howpsuzlygy barada alada döretdi.

"Azatlyk ugrundaky operasiýa ýolbaşçylyk edýän güýç Yragyň edermen goşuny bilen milli polisiýa. Mosula girjekler şular, başgalar däl" diýip, Abadi aýtdy.

Mosuly yzyna almak Abadiniň hökümetiniň esasy maksady bolup durýar. Ol şol bir wagtyň özünde-de, merkezi hökümetiň umumy maksat üçin ýurduň özara tapawutly etnik bölekleriniň we bäsdeşlikli tire-taýpalarynyň agzyny birikdirip biljegini ýa bilmejegini görkezjek syýasy meseledir.

Yrakly general Haýdar Fadhil "AP" habar gullugyna hüjüme 25 müňden agdyk ýaragly güýçleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Peşmerganyň harby ýolbaşçylygy hem operasiýanyň 4 müň çemesi kürt söweşijisini öz içine aljakdygyny bildirdi. Olar Mosulyň gündogarynda "Yslam döwletiniň" elindäki obalary yzyna alypdylar.

“Operasiýa ekstremistik topary ýeňmegiň esasy çözgüdidir”

Şeýle hem kürt harby ýolbaşçylary operasiýanyň Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň goldawy bilen günortadan hereket edýän Yragyň federal güýçleri bilen utgaşdyrylandygyny bildirdiler.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň komandiri general Stefen Townsendiň aýtmagyna görä, kampaniýanyň ençeme hepdä we ondan hem uzaga çekmegi mümkin.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter operasiýa ekstremistik topary ýeňmegiň esasy çözgüdidir diýýär.

“Yslam döwletini” hemişelik ýeňlişe sezewar etmekde "bu bir aýgytly pursat bolup durýar" diýip Karter aýtdy.

"Biz yrakly ýaranlarymyzyň umumy duşmanymyzdan üstün çykyp, Mosuly we Yragyň galan bölegini ekstremistleriň "ýigrenjinden we zulmundan halas etjekdigine ynanýarys" diýip Karter belledi.

Bu aralykda, Ynsanperwer işler boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Stefen O'Brien operasiýa sebäpli 1 million ilatyň öý-owzaryny taşlap gaçmagy mümkin diýip duýduryş berdi.

"Yrakly gyzlaryň, oglanlaryň, aýallaryň hem erkekleriň müňlerçesiniň gabawda bolmagy ýa galkan hökmünde saklanýan bolmagy mümkin. Müňlerçe adamyň zor bilen kowlup çykarylmagy ýa söweş liniýalarynyň arasynda gabawa düşmegi-de mümkin" diýip, O'Brien bir beýanatda aýtdy.

Soňky birnäçe günlükde şäheriň ilatyna basym operasiýa ýola goýulýar diýlip, howadan taşlanan müňlerçe listowka arkaly duýduryş berildi.

XS
SM
MD
LG