Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda suwuň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanun kabul edildi


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Türkmenistanda suwuň ulanylyşyny, sarp edilişini düzgünleşdirmek boýunça kanun akty kabul edildi diýip, türkmen hökümeti habar berýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda berilýän maglumata görä, bu kanun akty 18-nji oktýabrda türkmen parlamentiniň ýygnagynda tassyklandy.

Şeýle-de, maglumatda Merkezi Aziýa sebitinde suwuň ulanylyşyny, sarp edilişini düzgünleşdirmek iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýilýär.

Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen serhetleşýän Türkmenistan häzirki wagt serhetaşa akýan dört derýanyň suw resurslaryndan peýdalanýar. Olar Amyderýa, Tejen, Etrek we Murgap derýalarydyr.

XS
SM
MD
LG