Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda maýyplaryň iş üpjünçiligi barada karar kabul edildi


Köçeden geçip barýan maýyp adam.
Köçeden geçip barýan maýyp adam.

Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek barada karar kabul edildi.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu karara gol goýup, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 - 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny hem tassyklady.

Resmi metbugatda aýdylmagyna görä, bu karar “ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, maýyplygy bolan raýatlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin mümkinçilikleri we şertleri döretmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen” kabul edildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň sanawy baradaky resmi statistika halk köpçüligine aç-açan mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG