Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ABŞ-nyň islendik ‘goşulyşmasy’ kabul edilmez


Siamak (sagda) we Bakher Namazi.

Siamak (sagda) we Bakher Namazi.

Waşington eýranly amerikan biznesmeniniň we onuň 80 ýaşly kakasynyň boşadylmagyny talap edensoň, Eýran bu babatda ABŞ-nyň hiç bir “goşulyşmasyny” kabul etmejekdigini aýtdy.

18-nji oktýabrda Eýranyň resmileri Siamak we Bakher Namaziniň “amerikan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk we içalyçylyk etmekde” 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini mälim etdiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti olaryň derhal azatlyga goýberilmegini talap edip, ýaşuly Namaziniň saglyk ýagdaýy dogrusynda aladalanma bildirdi.

Emma Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi 19-njy oktýabrda çykyş edip, Eýran “amerikan häkimiýetleriniň çap eden beýanatlaryna we goşulyşmalaryna hiç hili ähmiýet bermeýär” diýdi.

Işewüriň maşgala agzalary Siamak Namaziniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Tährana baran mahaly, onuň kakasynyň şu ýylyň fewral aýynda tussag edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG