Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: ABŞ-nyň liderligindäki koalisiýanyň zarbasynda 6 adam öldi


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.

Russiýa Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň Siriýanyň Aleppo welaýatynda amala aşyran howa zarbasynda parahat ilatdan alty adamyň ölendigini aýdýar.

Russiýanyň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, 18-nji oktýabrda Hassajek obasyna edilen hüjümiň netijesinde başga-da dört adam ýaralandy we iki ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Şeýle-de, maglumatda “regionda Russiýanyň we Siriýanyň howa güýçlerine degişli uçaryň ýokdugy” aýdylyp, wakanyň bolan wagtynda sebitde Belgiýanyň “F-16” uruş uçarlarynyň ikisiniň görünendigi bellenilýär.

Belgiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili gürrüň edilýän wagtda sebitde öz ýurdunyň howa güýçleriniň hereket edendigi baradaky maglumatlary ret edýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Moskwa bu howa zarbasynyň halkara jemgyýeti tarapyndan ýazgarylmagyna garaşýar diýdi.

XS
SM
MD
LG