Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda iki protestçiniň sud işi soňa goýuldy


Maks Bokaýew we Talgat Aýan. 18-nji oktýabr, 2016 ý. Atyrau şäheri, Gazagystan.

Maks Bokaýew we Talgat Aýan. 18-nji oktýabr, 2016 ý. Atyrau şäheri, Gazagystan.

Gazagystanda ýer reformalaryna garşy geçirilen köpçülikleýin protestlere gatnaşan iki adamyň sud diňlenişigi soňa goýuldy.

19-njy oktýabrda Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäheriniň sudy tussaglaryň biri Maks Bokaýew saglyk ýagdaýy sebäpli sud zalyna gelip bilmänsoň, sud diňlenişigini takyk kesgitlenmedik güne geçirdi.

Bokaýewe we Talgat Aýana garşy geçirilýän sud diňlenişigine 12-nji oktýabrda başlanypdy. Bu iki tussag köpçülikde agzalalygy öjükdirmekde, galp maglumatlary bilkastlaýyn paýlamakda we köpçülikleýin üýşmeleňleri bikanun guramalaşdyrmakda aýyplanýar.

Bokaýew we Aýan şu ýylyň 24-nji aprelinde Atyrau şäheriniň merkezinde müňlerçe adam oba-hojalyk ýerleriniň hususylaşdyrylmagy we olaryň daşary ýurtlylara kireýine berilmegi baradaky kanuna garşy protest geçiren mahaly tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG