Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrain milletçileri ‘LGBT’ çäresiniň arasyny böldüler


"LGBT" paradyna gatnaşýan adamlar.

"LGBT" paradyna gatnaşýan adamlar.

Ukrainanyň günbatarynda milletçileriň bir topary “LGBT” film çäresine ýowuzlyk bilen goşulyp, arasyny böldüler diýip, aktiwist aýdýar.

LGBT, ýagny lezbian, geý, biseksual we transgender jemgyýetiniň aktiwisti Olena Şewçenkonyň Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatyna görä, polisiýa “Azow” sagçy-ganat toparynyň we “Prawy Sektor” atly batalýonyň agzalarynyň 18-nji oktýabrda Çerniwtsi şäherinde geçirilen çäräni bölmekleriniň öňüni almak üçin “hiç zat” etmändir.

Şewçenko 19-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda çäräniň arasyny bölen milletçileriň ortaça 50 adamdan ybaratdygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol “Azow” toparynyň agzasy tarapyndan hüjüm edilen ukrainaly we germaniýaly iki adamyň ujypsyzja ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG