Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň ‘Vodafone’ firmasy Eýranyň çäklerine aralaşýar


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Britaniýanyň “Vodafone” kompaniýasy Eýranyň Internet firmasy bilen hyzmatdaşlyk etmek dogrusynda ylalaşdy. Munuň netijesinde “Vodafone” şu ýylyň başynda Täharana garşy girizilen halkara sanksiýalary ýeňilleşdirileni bäri Eýranyň çäklerine aralaşan iň soňky günbatar kompaniýasy boldy.

“Vodafone” kompaniýasynyň 18-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Eýranyň “HiWeb” internet hyzmat prowaýderi ýurtda kesgitli mobil hyzmatlary ýola goýmak arkaly britan firmasyny köpmilletli korporatiw müşderiler bilen üpjün eder.

Şeýle-de, dünýäniň iň uly ikinji mobil kompaniýasy Eýranyň “HiWebe” öz ulgamyny we IT infrastrukturasyny giňeltmäge we döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

XS
SM
MD
LG