Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: ‘Parahatdakylar’ 10 sagatlap öýlerinden çykyp bilmedi


18-nji oktýabrda Aşgabatda energetika desgalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan studentler we işgärler. "Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtyndan alnan surat.

18-nji oktýabrda Aşgabatda energetika desgalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan studentler we işgärler. "Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtyndan alnan surat.

Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen açylyş dabarasy sebäpli Parahat 3 we 6 etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy 10 sagatdan gowrak wagt öz öýlerinden daşary çykyp bilmediler.

18-nji oktýabrda paýtagtda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda energetika desgalarynyň toplumynyň hem-de “General Electric” amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabaralary boldy.

Aşgabadyň Parahat 3 we 6 kiçi etrapçalarynda polisiýa işgärleri aýlanyp, ýaşaýjylardan awtoulaglary aýyrmagy talap etdiler. 17-nji oktýabr, 2016 ý. "Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtynda alnan surat.

Aşgabadyň Parahat 3 we 6 kiçi etrapçalarynda polisiýa işgärleri aýlanyp, ýaşaýjylardan awtoulaglary aýyrmagy talap etdiler. 17-nji oktýabr, 2016 ý. "Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtynda alnan surat.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu açylyş dabarasyndan bir gün ozal türkmen resmileri öýlere aýlanyp, adamlara köçä çykmazlygy, awtoulaglaryny jaýlaryň arasynda goýmazlygy tabşyrypdyrlar.

– “Penjireleri açmaň, köçä çykmaň, awtoulaglaryňyzy aýryň” diýdiler. Açylyş dabarasy sebäpli ir daňdandan, tä öýlän sagat 17:00-ä çenli öýden çykyp bilmedik. Ençeme okuwçy mekdebe-de gidip bilmedi. Uzakdan gelen myhmanlarymyz hem ençeme sagatlap köçede galdy. Nähili döwürde ýaşamaly bolduk?! – diýip, Parahat 3 etrapçasynyň ýaşaýjysy, 47 ýaşly Merjen daýza aýdýar.

Işgärler we studentler ençeme sagat köçede durdy

Bu açylyş dabarasy sebäpli Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynda we ýokary okuw jaýlarynda işleriň we okuwlaryň ýatyrylyp-ýatyrylmandygy barada anyk maglumat ýok. Emma oňa ýokary derejeli döwlet resmileri bilen bir hatarda, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy.

"Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtynda alnan surat.

"Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň websaýtynda alnan surat.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan käbir studentleriň aýtmagyna görä, döwlet işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary ýagynly howada, ençeme sagatlap köçede durmaly boldular.

“Çäräniň geçirilýän ýerine irden sagat 6-da baryp, öýlän 5-lere gaýtdyk. Şu günler paýtagtda howanyň ortaça temperaturasy +5 gradusdanam geçmeýär. Onsoň sowuk, ýagynly howada ençeme sagatlap, dik aýak üstünde garaşmaly bolduk. Sowuk ýa-da yssy – tapawudy ýok, “açylyş bar” diýseler gitmeli. Gitmeseň hem ýa işden kowulýaň ýa-da okuwdan” diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti Ýazmuhammet gürrüň berýär.

Transport gatnawy bökdedi

Dabara sebäpli käbir bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolup, barmaly ýerine wagtynda gidip bilmedik ýa-da sowuk howada ençeme sagatlap garaşmaly bolan adamlar diňe dabara gatnaşanlar ýa-da Parahat 3 we 6 etrapçalarynyň ýaşaýjylary bilen çäklenmeýär.

Garaşsyzlygyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen bu binalar toplumynyň açylyş dabarasy zerarly paýtagtyň onlarça köçesi ýapylyp, ençeme jemgyýetçilik transport gatnawynyň ugry hem üýtgedildi ýa-da wagtlaýyn ýatyryldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşmaga barýan studentler.

Açylyş dabarasyna gatnaşmaga barýan studentler.

Emma Türkmenistanda indi birnäçe ýyl bäri köçe-ýol hereketiniň ýagdaýy barada halk köpçüligine maglumat bermek maksady bilen döredilen ýörite tele-radio ýaýlymynyň bardygyna garamazdan, köçeleriň ýapyljakdygy we haýsy awtobuslaryň gatnaw ugrunyň üýtgedilýändigi barada ilata köplenç öňünden hiç hili maglumat berilmeýär.

Bu ýagdaýyň bolsa, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda açylyş dabaralarynyň artmagy bilen, adamlara öz oňaýsyz täsirini ýetirýändigini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Her gün diýen ýaly bir açylyş bolýar. Olaryň birini eşitsek, beýlekisini eşitmän galýarys. Ynha, men şu wagt dört sagat aýak üstünde ýöräp, barjak ýerime baryp bilmän yzyma gaýtdym. Adamlaryň arasynda keselli, näsagy bar, işe, okuwa gitmelisi bar... Resmiler bu zatlar barada pikir etmeýärler” diýip, aşgabatly 50 ýaşlaryndaky Ýazly daýy aýdýar.

Türkmenistanda uly desgalaryň açylyş dabarasyna döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mekdep okuwçylary gatnaşdyrylyp, şol güni köplenç okuw we iş ýatyrylýar. Geçen aýda Aşgabatda täze aeroportuň açylyş dabarasyna müňden gowrak adam gatnaşdyryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG