Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sopylyk yslamyň ähli meselesini çözüp bilermi?


Yragyň sopylary
Yragyň sopylary

Häzirki döwürde radikal yslam ideologiýasy bilen göreşmek barasynda "salyhatly" strategiýa mätäçlik çekilýär. Pakistanly alym Sýed Kamar Afzal Rizwi sopylygyň aslynda fanatizme (çakdan aşalyga) fundamentalizme we zorlukly ekstremizme garşy göreşmekde diýseň täsirli kömek edip biljekdigini öňe sürýär.

Adamzadyň ýeke-täk ýaragy

Köp sanly yslam alymy hem "sufizmiň", ýagny sopylygyň terrorçylygyň aldawyna düşüp biljekleri raýyndan gaýtarjakdygyna ynanýar. Jelaletdin Rumy, Omar Haýýam, Fariduddin Attar ýaly sopy ägirtleriň orta asyrlarda Ýewropa ylham beren dünýägaraýşy, döwrümizde hem köp sanly ýewropaly akyldaryň aň-düşünjesinde öz täsirini saklaýar. Bu nukdaýnazardan, sopylygyň dürli dini toparlaryň arasynda gatnaşygy hasam ysnyşdyrmaga mümkinçiligi bardyr.

Sopylygyň dini dünýägaraýşy yslamyň has salyhatly ugry hasaplanýar. Çünki ol döwlete ünsi gönükdirmän, gaýtam adamynyň ruhunyň arassalanmagy bilen gyzyklanýar.

Alymyň ýazmagyna görä, häzirki döwürde bar bolan yslamy terrorçylykly toparlaryň hemmesi yslamyň syýasy ýorgudyna esaslanýar. Olar globallaşmagyň, Günbatar medeniýetiniň öz jemgyýetine, ylaýta-da ýaşlara diýseň ýaramaz täsirini ýetirjeginden howatyrlanýarlar.

Alymyň aýtmagyna görä, sopylyk düşünjesi bütin adamzady bir bütewi jemgyýete öwürmegi maksat edinipdir. Awtor şol bir wagtyň özünde sungat işgäri Jimi Hendriksiň aýdan sözlerini hem ýatladýar: "Söýginiň güýji, gün güýçliniňki düzgüninden üstün çykan mahaly dünýäde hemişe parahatçylyk bolar".

Magaryf ulgamynda üýtgeşiklikler hökmanydyr

"Bütin dünýäde musulmanlaryň syýasy yslama garşy bitewileşip, bu ugurda öwrülişigi amala aşyrmak wagty bireýýäm gelip ýetendir. Dini magaryf ulgamynda hem üýtgeşiklikler hökmanydyr. Sebäbi ol bütin terror guramalary üçin esasy roly oýnaýar. Musulmanlar yslamyň parahatçylygy söýüji we hoşmeýilli tarykatynyň kömegi bilen yslamçy ideologiýa garşy berk çäre görmelidir. Musulmanlar halkara köpçülik bilen bilelikde jemgyýetiň aglabasynda nädogry pikir döreden bu syýasy yslam ideologiýasyna garşy göreş alyp barmalydyr" diýip, makalada pikir beýan edilipdir.

Awtor ekstremist yslamyň öňüniň alynmagy barasynda geçirilýän gepleşiklerde sopylyk pelsepesiniň çuňňur täsirine hem güýjüne, ybadatlaryna we sungat eserlerine kän üns çekilmeýändigini belleýär. Ol aslynda munyň musulman medeniýetiniň pajarlap ösen döwrüniň iň esasy ýörelgesi bolandygyny ýatladýar.

Sufizm, ýagny sopylyk musulmanlara we musulman bolmaýanlara şeýle ýüzlenýär: "Gurhanda ýazylan sözler eýýäm 1500 ýyldan bäri gündelik durmuş tejribesine öwrülip, medeni we intellektual täsirlere duçar bolupdyr. Sufizmiň diýseň çuňňur täsiri hem hut munyň bilen arabaglanşyklydyr.”

15 million sopy

Bütin dünýäde 15 million sufi, ýagny sopy bar. Sopylygyň merkezi Damask bolmak bilen, ol ýerdäki Uly Umiýýe metjididir. Awtoryň pikrine görä, sopylyk mekdep-medreselerde we metjitlerde bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde dünýäniň ähli telekanallarynda ýaýrawly ýagdaýa getirilmelidir.

Alym aýtmyşlaýyn, edil häzir üç täsir göz öňünde tutulmalydyr. Birinjiden, bu dini zaýalaýan ideýa göreşidir. Ikinjisi, nesil problemasydyr. Indi hökmany suratda özgerişlik hem öwrülişik durmuşa geçirilmelidir. Ýaş nesil, ekstremist ideýalara we hereketlere garşy durnukly hem tutanýerli bolmalydyr. Üçünjiden, bu problema agzybirlikde maslahat edilmelidir.

"Terrorçylgyň dini ýokdur. Günbatar we Gündogar magaryf ulgamlaryna ynsanperwerligi öwreden "yslam sopylygynyň" garaýşy ýörgünli ýagdaýa getirilmelidir" diýip, awtor nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG