Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton-Tramp çekişmesi: ABŞ-nyň prezidentlige kandidatlary öz sözlerinde


ABŞ-nyň prezidentlige kandidatlaryy Hillari Klinton bilen onuň respublikan garşydaşy Donald Tramp çekişme mahalynda.
ABŞ-nyň prezidentlige kandidatlaryy Hillari Klinton bilen onuň respublikan garşydaşy Donald Tramp çekişme mahalynda.

ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton bilen onuň respublikan garşydaşy Donald Tramp 19-njy oktýabrda Las Wegasda özleriniň üçünji we jemleýji çekişmelerine çykyp, Orsýetiň 8-nji noýabrda geçiriljek saýlawlara gatyşmasy diýilýän we ol saýlawlaryň kanuny ýagdaýda geçirilip-geçirilmejegi barada çekişdiler.

Donald Tramp bu saýlawlaryň özüne garşy «galplaşdyryljakdygyny» öňe sürdi.

Azatlyk radiosy bu çekişmäniň käbir pursatlaryny dykgatyňyza hödürleýär.

Orsýetiň Trampa kiber hüjümleri arkaly kömek etmek synanyşygy diýilýän

"Bu Orsýetiň hökümetiniň ýokary derejelerinden, has açygy (Orsýetiň prezidenti Wladimir) Putiniň özünden biziň saýlawlarymyza täsir ýetirmek üçin geldi, muny biziň aňtaw gulluklarymyzyň 17-si tassyk etdi. Şeýle bolansoň, men bu agşamyň iň wajyp meselesi... ahyrynda, Donald Trampyň Orsýetiň bu işi edýändigini boýun almagy we ýazgarmagybolar diýip pikir edýärin» diýip,
Hillari Klinton aýtdy.

Ol munyň Trampyň bu saýlawda Putinden kömek almajakdygyny we Orsýetiň amerikanlaryň garşysyna içalyçylygyny ret etmegini aňlatjakdygyny öňe sürdi.

Donald Tramp öň hem aýdan sözlerini gaýtalap, şeýle diýdi:

"Men Putini tanamok. Ol men hakda gowy zatlary aýtdy. Eger-de biz özara gowy düşünişsek, bu gowy bolar. Eger-de ABŞ we Orsýet özara gowy düşünişse we «Yslam döwleti» toparynyň daşyna geçse, bu gowy bolar.”

Tramp sözüni dowam etdirip, Putiniň Hillari Klintony «hormatlamaýandygyny», ABŞ-nyň prezidentini «sylamaýandygyny» aýtdy we Klintonyň bu kiber hüjümleriniň arkasynda Orsýetiň, Hytaýyň ýa başga biriniň durandygy barada «hiç bir pikiriniň ýokdugyny, onuň hiç wagt Putin bilen duşuşmandygyny» öňe sürdi.

Tramp saýlawlaryň netijesini «doly» kabul edermi

Tramp bu meselä öz wagtynda seretjekdigini we häzir hiç bir zada baş galdyrmaýandygyny aýtdy. Ýöne ol özüniň häzirki görýän zatlarynyň «örän erbetdigini» belledi.

«Ozaly bilen, metbugat örän ýalançy we bozuk... men saýlawçylar bu bolýan zatlary görýändir, bilýändir we biler diýip pikir edýärin. Biz muňa 8-nji noýabrda göz ýetireris» diýip, Tramp aýtdy.

Klinton Trampyň öz peýdasyna bolmadyk ýa başga ugra barýan islendik zatda özüne garşy «galplaşdyrma» bardyr diýip pikir edýändigini we munuň «elhençdigini» aýtdy.

Prezidentlige kandidatlar öz tejribeleri barada hem durup geçdiler.

Klinton: "1980-nji ýyllarda men Arkanzasda mekdepleri reforma etmek ugrunda işleýärdim. Ol biznese başlamak üçin öz kakasyndan $14 million karz aldy. 1990-njy ýyllarda men Pekine gitdim we aýallaryň hukuklary adam hukuklary diýdim. Ol ozalky dünýä gözeli Alicia Machadony kemsitdi, ony «iýýän maşyn» diýip atlandyrdy. Men Ýagdaý otagynda Osama Ben Ladeni jogapkärçilige çekmek üçin geçirilen reýde syn edýän mahalym bolsa, ol «Celebrity Apprentice» telewizion gepleşigine beýemçilik edýärdi."

Tramp: "Men has gowy iş etdim diýip oýlanýaryn... Men ägirt uly kompaniýa gurdum, beýik kompaniýa, dünýäde iň bir beýik emläkleriň jemini, köp milliard dollarlyk kompaniýa gurdym. Men $1 million karzdan başladym. Men munuň bilen ylalaşýaryn. Bu $1 million karz. Emma men fenomenal kompaniýa gurdum. Onsoň, eger biz öz ýurdumyzy meniň kompaniýa dolandyryşym ýaly dolandyryp bilsek, biz özünden örän buýsançly ýurt bolarys. Hatda siz hem muňa buýsanarsyňyz."

Prezidentlige kandidatlar Siriýa konflikti barada hem öz pikirlerini aýtdylar. Klinton, eýranlylaryň we orsýetlileriň graždan urşuna kömek we meçew bermegi dowam etse, Siriýanyň şonça-da uzak terrorçylygyň mesgeni bolup galjakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol özüniň Siriýanyň asmanynda uçmak gadaganlygyny girizmek pikirini gaýtalady.

Trump şeýle diýdi: "Bu bolýan zatlaryň köpüsi Hillari Klinton sebäpli.... Hemmeler (Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad) iki, üç ýyl ozal gider öýtdi... Ol Orsýet we Eýran bilen ýaran boldy. Olar Yslam döwleti» toparyny islemeýär, emma olaryň başga bir zatlary hem bar, sebäbi biz gozgalaňçylary goldaýarys. Biz ol gozgalaňçylaryň kimlerdigini bilmeýäris. Biz olara örän köp pul, köp başga zat berýäris....»

Tramp Assadyň erbet adamdygyny, emma gozgalaňçylar ony agdarsa, Assatdan hem erbet adamyň häkimiýet başyna gelmeginiň mümkindigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG