Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt söweşijileri Mosulyň golaýynda täze hüjüme başlady


Kürt söweşijileri täze hüjüme başlady.
Kürt söweşijileri täze hüjüme başlady.

Kürt söweşijileri özleriniň «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini Mosulyň gündogaryndaky we demirgazygyndaky obalardan kowup çykarmak üçin täze hüjüme başlandyklaryny aýdýarlar.

"Bu operasiýa üç frontda geçiriler" diýip, Kürt Peşmerge güýçleri 20-nji oktýabrda aýtdy.

«Roýters» habar gullugy «Yslam döwleti» toparynyň Yragyň ikinji uly şäheriniň 20 km töweregindäki obalarda eýelän pozisiýalarynyň üstünde dikuçarlaryň öwrüm edendigini we jeňçileriň top we minomýot oklaryna tutulandygyny aýdýar.

Täze hüjüm Mosuly yzyna almak boýunça guralan gerimli hüjümiň dördünji gününde, kürt we yrak howpsuzlyk güýçleriniň bu sebitde ilerleme gazanan wagtynyň üzysüre başlandy.

Yrak goşuny günortadan hereket edýär, ýörite güýçler bu hüjüme daň atmanka, Bartalla şäherine sürünmek bilen goşuldy.

Yragyň general-maýory Maan al-Saadi saýlama güýçleriň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa hem agyr top zarbalarynyň goldawy astynda hereket edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG