Sepleriň elýeterliligi

NATO Kabulda iki amerikalynyň öldürilendigini tassyklady


Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Wazir 

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Wazir 

NATO Kabulda bir ýaragly adamyň NATO ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri tarapyndan ulanylýan bazanyň golaýynda bir amerikan esgerini we bir raýatyny öldürendigini tassyk etdi.

NATO-nyň beýanatynda aýdylmagyna görä, bu hüjümde ABŞ-nyň raýaty bolan üç esger we iki sany asuda adam biraz soň öldürilen näbelli hüjümçi tarapyndan ýaralanypdyr.

NATO ýaragly adam tarapyndan öldürilen we ýaraly bolan adamlaryň owgan esgerlerine tälim berendiklerini aýdýar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Wazir 19-njy oktýabrda ol ýaragly adamyň owgan milli goşunynyň eşigini geýendigini aýdypdy.

Wazir bu wakanyň Owganystanyň ýe güýçlerine tälim berilýän merkezde, Kabulyň günorta-günbataryndaky Rişkor etrabynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG