Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan hijaby gadagan edýär


Hijaply, baş örtüli gyz
Hijaply, baş örtüli gyz

Gazak hökümeti mekdeplerde «dini wagyz edýän» hijaby, baş örtüsini we beýleki eşikleri resmi taýdan gadagan edendigini aýdýar.

Bilim ministriniň orunbasary Elmira Suhanberdiýewa 19-njy oktýabrdabu karara dürli ministrlikler arasynda maslahat edileninden soň gelnendigini aýtdy.

Gazak häkimiýetleri ekstremizmiň barha ýokary galmagyndan alada galýarlar.

25-nji iýunda «Yslam döwleti» jeňçileri diýilýänleriň topary demirgazyk-günbatar şäher bolan Aktobede tapgyrlaýyn hüjüm guradylar.

Bu wakalar netijesinde Gazagystanyňhowpsuzlyk güýçleriniň 3 agzasy we 5 sany asuda adam öldürildi.

Gazagystan1991-nji ýylda, Sowet Soýuzy darganynda öz garaşsyzlygyny jar edip, özüni dünýewi döwlet diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG