Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: Maslahatlylar juda pes elektrikden kösenýär


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary elektrik togunyň juda pesliginden ejir çekýärler. Bu daýhan birleşiginiň çetki obalarynda, elektrik toguny geçirijidäki napreženiýe 80 woltdan hem geçmeýär.

“Obamyzda elektrik toguny geçirijidäki bolmaly 220 wolt napreženiýe 80 wolta hem ýetmeýär. Lampoçka hem jaýa ýagtylyk berip bilmeýär. Holodilnikler, ýagny sowadyjylar işlemeýär, telewizora tomaşa edip bolmaýar” diýip, Maslahat daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy 32 ýaşly Baýram gürrüň berýär.

Ýüze golaý hojalygy öz içine alýan bu territoriýanyň ýaşaýjylary elektrik togunyň juda pesligi zerarly, howanyň yssy we sowuk günlerinde her dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýyň indi ençeme ýyl bäri dowam edýändigini belleýärler.

“Tomsuna et we beýleki azyk önümler tiz zaýalanýar. Gyşda bolsa, ýyladyjy ulgamlaryň çekilmändigi sebäpli jaýlar sowuk bolýar. Toguň pesligi sebäpli elektrik peçlerini işledip bolmaýar. Mundan daşgary, obada toý-tomaşany sowmak hem uly kynçylyk döredýär. Toguň pesligi zerarly uly eýwanlary yşyklandyrmak kyn bolýar, aýdym-saz yzygiderli kesilip durýar. Etrap merkezlerinden gelen myhmanlar ýarym garaňky jaýlara girip geň galýarlar” diýip, Baýram aýdýar.

Arzalara 'jogap berilmedi'

Adamlaryň bu meseläniň çözülmegi üçin degişli etrap häkimiýetlerine arza bilen ençeme gezek ýüzlenendigini, emma bu babatda hiç hili netije alyp bilmändikleri sebäpli, bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapmaga synanyşandyklaryny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

“Oba adamlarynyň käbirleri meýletin öz mal-garasyny satyp, beýleki bir bölegi karz alyp, pes derejedäki elektrik energiýasyny köpeldýän ýörite enjamlary satyn aldylar. Emma bu enjamlaryň hem ýaşaýjylara peýdasyndan, zyýany köp boldy. Sebäbi bu enjamlar diňe 160 woltdan ýokary napreženiýedäki elektrik toguny güýçlendirip bilýär eken” diýip, Baýram aýdýar.

Käbir ýaşaýjylaryň sözüne görä, obada elektrik togunyň juda pesliginiň we onuň ýygy-ýygydan kesilmeginiň birinji sebäbi hojalyklaryň ençemesine diňe bir transformatordan elektrik togunyň çekilendigi bilen baglanyşykly. Beýleki bir sebäbi bolsa, elektrik geçiriji diňleriň oba ýaşaýjylarynyň hasabyna, hiç hili howpsuzlyk şertleri göz öňünde tutulmazdan, inçe taýaklar arkaly çekilendigi bilen düşündirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, territoriýadaky ýerli häkimiýetler tarapyndan elektrik togunyň näme sebäpden juda pesligi barada, ilat köpçüligine aç-açan hiç hili düşündiriş berilmeýär. Emma ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, etrap elektroset edarasynyň käbir resmileri muny ýaşaýjylar tarapyndan pul ýygnamak arkaly gysga wagtda çözüp boljakdygyny aýdýarlar.

“Özümizden artýan elektrik energiýasyny goňşy döwletlere iberýäris”

“Etrap elektroset edarasynyň bir işgäri oba ýaşaýjysyna ilatdan 12 müň manat ýygnap berseňiz, obaňyza bir hepdäniň dowamynda transformator goýup bereli diýipdir. Emma munça pul kimde bar?!” diýip, Baýram aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, bu mesele boýunça degişli ýerli resmilerden Azatlyk Radiosyna maglumat almak başartmady.

Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki ençeme obanyň elektrik togunyň, gazyň we suwuň ýetmezçiliginden juda kösenýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýan mahaly, türkmen häkimiýetleri ýurduň eksport edýän elektrik energiýasynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

18-nji oktýabrda Aşgabatda energetika desgalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “geçirilýän bu işleriň ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini” aýdyp şeýle diýdi:

“Biz özümizden artýan elektrik energiýasyny goňşy döwletler bolan Owganystana we Eýrana hem iberýäris. Türkmenistan geljekde elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de möçberlerini artdyrmagy maksat edinýär”.

Emma şol bir wagtyň özünde, Maslahat daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary ýaly ýurduň dürli sebitlerindäki ýüzlerçe hojalyk howanyň sowuklygynyň 5° C çenli ýetýän şu günlerde elektrik togunyň juda pesligi ýa-da ýygy-ýygydan kesilýändigi zerarly öýlerini gyzdyryp bilmän, odun-çöpleri ýakýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG