Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda dini ynanç zerarly bir zenan üç gezek jaýlandy


Gyrgyzystanda dini ynanç zerarly bir zenan üç gezek jaýlandy

Gyrgyzystanda dini ynanç zerarly bir zenan üç gezek jaýlandy

Gaýgy-gama batan Jyldyz Azaýewa Gyrgyzystanyň günortasynda, uzakda ýerleşýän bir obada aradan çykan 76 ýaşly ejesini jaýlamaga gideninde, has agyr gaýgy-hasrat entek öňdedir diýip, asla pikir etmändir.

Geçen hepde sanlyja günüň dowamynda Kanygül Satybaldiýewanyň galyndysy iki gezek jaýlanyp, çykarylyp, ahyr-soňy bir gizlin ýerde topraga berildi.

Bu waka Merkezi Aziýanyň resmi taýdan dini erkinlige eýerýän bu respublikasynyň sowa jemagatlarynda dini ynançlary saýlap almak çygrynyň nädereje çäklidigini görkezýär.

Azaýewanyň ejir-azaby Satybaldiýesawa Günorata Gyrgyzystanyň Ala-Buka etrabynda ýerleşýän dogduk obasy Sary-Talaada 13-nji oktýabrda ýogalanyndan soňra başlandy. Onuň ýasly maşgala agzalary obalarda bar bolan däp boýunça nesiller boýy edilýän ähli zatlary edip, ony ýerli gonamçylykda, ondan ozal aradan çykan garyndaşlarynyň mazarynyň ýanynda jaýlamagy planlaşdyrýar.

Ýöne basym jedel döräp, obanyň ähli ilaty diýen ýaly Azaýewa garşy çykýar. Sebäp? Satybaldiýewa ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan bolan obada öz dini ynanjyny ýerine ýetiren hristian ekeni. Ýerli dini ýolbaşçylar hem gonamçylykda diňe musulmanlar jaýlanmaly edipdirler.

Gizlin ýerde jaýlamak

Maşgalanyň dini ynanjynyň garyşykdygy-da – Satybaldiýewanyň adamsy musulman, ýöne onuň özi bilen iki gyzy hristian dinine giren – dawa-jenjeli ýatyryp bilmändir. Tersine, oba ymamy, ejeleriniň gonamçylykda jaýlanmagyna tölenýän baha ýaly hristianlykdan çykmak üçin, gyzlara basyş ederli görnüpdir.

14-nji oktýabrda ymamyň ýolbaşçylygynda uly märeke maşgalanyň öýüne gelýär.

"Olar menden hristianlykdan çykyp, yslam dinine girmegimi soradylar. Muny ejemiň hatyrasyna kabul etmeli diýdiler. Olar meni bu işe mejbur edip, munuň beýlekilere sapak bolmagyny isleýändiklerini aýtdylar" diýip, Azaýewa Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugyna gürrüň berdi.

Ýöne bu-da bolmandyr. Azaýewa onuň talaplary bilen ylalaşanyndan az salym soňra ymam oňa ejesini maşgalanyň melleginde jaýlamalydygyny bildirip, "keseki dinden" halas etmek bilen özüniň oňa ýeterlik kömek edendigini aýdypdyr.

Ymamyň pikiri üýtgärli görünmänsoň, Azaýewa maşgalasynyň ýerli resmileriň ejesini golaýdaky Oruktu obasynda jaýlamak boýunça eden teklibi bilen ylalaşandygyny aýdýar.

Umydyny ýitiren maşgala ýerli resmileriň Satybaldiýewany etrap merkezi Ala-Bukanyň şäher gonamçylygynda jaýlamak baradaky teklibini kabul edipdir. Ýöne Azaýewanyň aýtmagyna görä, ejesi jaýlanyndan soň ýerli musulman hem hristian ýolbaşçylar ol mazardan çykarylyp, başga ýere geçirilmeli diýip ylalaşypdyrlar. Sebäp? Satybaldiýewa baptist. Bu-da köp gyrgyz raýatlarynyň, däp boýunça, kabul eden hristianlyk ynanjy bolan ors prawoslaw kilisesine degişli däl.

Ahyr-soňy Satybaldiýewa bir gizlin ýerde jaýlanýar. Munuň hem nirededigini diňe ýerli resmiler bilen maşgala agzalary bilýärler.

Dini erkinligiň çäkli definirlenmegi

19-njy oktýabrda aýalynyň mazarynyň başynda duran Akjol Azaýew gözünden ýaş akdyryp: "Wah, ezizim, başyňdan geçen bu ejir-azaplardan soňra seniň indi behiştde bolmagyňy dileg edýärin. Bu zatlary saňa kim eden hem bolsa, eden işleriniň jogabyny berer" diýýär.

78 ýaşly Azaýew öz aýaly bilen 50 ýyla golaý bile ýaşapdyr.

Synçylaryň aglabasy öňki Sowet giňişliginde, hatda ähli dini ynançlary gowy garşylaýandygy resmi taýdan ileri sürülýän ýurtlarda-da, dini erkinligiň çäkli definirlenmegi şindi-de dowam edýär diýip zeýrenýärler.

"Soňky ýyllarda Gyrgyzystanda ymamlaryň we oba ýaşulularynyň musulman dälleriň ýerli gonamçylyklarda jaýlanmagyny ret etmegine ençeme gezek şaýat bolduk" diýip, Norwegiýada ýerleşýän we dini erkinliklere gözegçilik edýän "Forum 18" guramasynyň işgäri Feliks Korleý aýdýar. "Bu protestantlary, bahaýylary, ýehowanyň şaýatlaryny we hare krişna eýerýänleri öz içine alýar. Merhumyň maşgala agzalarynyň bu barada edip bilýän zady köp däl".

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Gyrgyzystanda-da hristian dinine girenleriň aýry ýerde, hristianlaryň gonamçylyklarynda jaýlanmagy üçin basyş edilýär. Bu gonamçylyklar hem taryhy taýdan etnik orslaryň gonamçylyklary. Ýöne ýerli musulman häkimiýetler köplenç ýerli yslam däplerinden daşardakylary gowy garşylamaýandygy sebäpli tutuş öňki Sowet Soýuzyndaky prawoslaw kiliseleriniň hem täzeräk bolan hristiýan mezheplerine bäsdeş diýip garap, olary ýekirmegi mümkin.

Korleý dini ynançlar sebäpli döreýän dartgynlylyklaryň merhumyň şäher gonamçylyklarynda - bular kanun boýunça hemmelere açyk- jaýlanmagyny-da bökdemegi mümkin diýýär.

Gyrgyzystan resmi taýdan ateist bolan Sowet Soýuzyndan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanda dini erkinlik baradaky halkara konwensiýalaryny ratifisirledi. Ýöne gyrgyz halky islän dini ynanjyny saýlap tutmakda erkin bolsa-da, merhumy jaýlamaga gezek gelende bu konwensiýa gowşaýana meňzeýär.

"Biziň garaşsyz ýurdumyzyň ilkinji müftüsi Kimsanbaý Hajy bir fatwa çykaryp çykaryp, beýleki dinlere eýerýänleriň musulmanlar bilen bir ýerde jaýlanmagyny gadagan etdi. Häzirki mollalar hem şol tabşyryga eýerýärler" diýip, döwlete degişli däl "Yslam Taalimi" atly guramanyň wekili Dilmurat Orazow 19-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG