Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada rus diliniň resmi statusy diňe Gazagystanda we Gyrgyzystanda bar


Döwletiň resmi dili bolmagy üçin geçirilen ýörişe gatnaşýan adamlar. Alma-ata şäheri 2008-nji ýylyň 21-nji sentýabry.

Döwletiň resmi dili bolmagy üçin geçirilen ýörişe gatnaşýan adamlar. Alma-ata şäheri 2008-nji ýylyň 21-nji sentýabry.

Geçen hepdede Gazagystanda we Gyrgyzystanda ene diline bagyşlanan baýramçylyklar geçirildi. Gazagystanda bu sene "Dilleriň güni" görnüşinde, Gyrgyzystanda bolsa "Döwlet diliniň güni" görnüşinde gurnalýar. Bu ýurtlarda rus diliniň statusy hem konstitusiýa derejesinde berkidilendir. Bilermenleriň bellemegine görä, ol ýurtlaryň häkimiýetleri ýurtda owalky dil ýagdaýyny saklamagy alada edýärler.

1989-njy ýylda, ýagny Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň ýurtlary yzly-yzyna döwletiň resmi dili barasynda ýörite kanunlar çykarmaga başlapdyrlar. Şol döwürde şeýle kanunlar Täjigistanda 22-nji iýulda, Gazagystanda 22-nji sentýabrda, Gyrgyzystanda 23-nji sentýabrda, Özbegistanda 21-nji oktýabrda we Türkmenistanda bolsa 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda kabul edilipdi. Merkezi Aziýanyň ýurtlary garaşsyzlyk ýyllarynda döwletiň resmi dili baradaky kanuna üýtgeşmeler girizipdirler ýa-da durşy bilen bu ugurda täze kanun çykarypdyrlar.

"Saklanyp galan" aň-düşünje we mekdepler

Gazagystanyň konstitusiýasynda gazak dili döwletiň esasy resmi dili hökmünde görkezilenem bolsa, döwlet edaralarynda onuň deregine "resmi" derejede rus dili ulanylýar. "Gazak dili" atly guramanyň başlygynyň orunbasary Garifolla Anes resmi dil barada kanun kabul edilenem bolsa, garaşylyşy ýaly ýagdaýyň owalkysyndan hiç hili üýtgemändigini belleýär.

"Gazak dili" guramasynyň wise-prezidenti Garifolla Anes.

"Gazak dili" guramasynyň wise-prezidenti Garifolla Anes.

– Resmi dil baradaky ilkinji kanun garaşsyzlykdan owal kabul edilipdi. Şol döwürde resmi hasabatlara görä, ýurtda gazak ilatynyň sany 44 göterim ekeni. Ýurduň 44 göterim ilaty bilen resmi döwlet dili we garaşsyzlyk barasynda kanun kabul edilipdi. Häzirki döwürde bolsa Gazagystanda 64-65 göterim gazak ilaty ýaşaýar. Häzirlikçe biz döwletiň resmi diliniň kämilleşmändigi sebäpli emeli problemalara duçar bolýarys – diýip, Garifolla Anes Azatlyk Radiosyna maglumat beripdir.

Ýurduň magaryf ulgamynda ors mekdepleri bilen goşluşan ýagdaýda dowam edýän düzgünler barasynda Garifolla Anes öz pikrini şeýle beýan edipdir:

– Obanyň ýaşaýjylary köpçülikleýin ýagdaýda şähere göçýärler. Şonuň üçinem ummasyz köp gazak mekdepleri hyzmata girizilýär. Ýurtda edil owalky döwürdäki ýaly ors mekdepleri öz işini dowam etdirýär. Şonuň ýaly şol bir wagtyň özünde dürli dillerde bilim berýänler bilen başga dilde bilim berýän mekdepler hem bar. Halkyň arasynda şeýle düşünje hem bar, ýagny ors mekdebini okan çagalaryň ýokary okuw jaýlaryna girmäge has köp mümkinçiligi bolýar. Hatda ýurduň çet ýerlerinde, ýagny başga milletleriň wekilleriniň hiç hili ýaşamaýan ýerlerinde hem häzire çenli ors mekdepleri işläp gelýär – diýip, Garifolla Anes gürrüň beripdir.

Onuň aýtmagyna görä, Gazagystan unitar ýurtdyr (döwlet dolandyrylyşynyň bir görnüşi, ýagny tutuş ýurt üçin döwletiň ýeke-täk häkimiýet gurluşyna eýe bolmagy). Şonuň üçinem mekdepleri gazak, ors ýa-da dürli dilli görnüşinde aýyrmaga hajat ýok.

– Meniň pikrime görä, Gazagystanda gazak dili barasyndaky problema emeli ýagdaýda dowam edýändir. Ýurtda hiç kim gazak diline garşy çykyş etmeýär. Ýokary wezipelerde işleýän resmiler hem edil häzirki ýagdaýyň hemişelikdigine ynanmaýarlar. Meselem, häzir hatda başga milletleriň wekilleri hem öz çagalarynyň geljegi barasynda aladalanmak bilen olary gazak mekdeplerine berýärler – diýip, "Gazak dili" atly halkara guramanyň wize-prezidenti Garifolla Anes aýdypdyr.

Gazagystanda 1997-nji ýylda döwletiň resmi dili barada ikinji kanun kabul edilipdir. 1998-nji ýyldan bäri hem 22-nji sentýabr "Gazagystanyň halklarynyň ene dili güni" höküminde bellenýär.

Kadrlar we "saklanyp galan" dil täsiri

Gyrgyzystanyň konstitutsiýasynda döwletiň resmi diliniň gyrgyz dilidigi nygtalýar. Ors dili bolsa ýurtda edil resmi işleriň dili ýaly ulanylýar. Ýerli graždan aktiwisti Kalen Sadykowanyň pikirine görä, ors diliniň şeýle resmi ýagdaýda ulanylmagy gyrgyz diliniň kämilleşmegine päsgelçilik döredýär.

Onuň aýtmagyna görä, kim öz döwründe ors dilinde bilim alan bolsa, häzirki döwürde hem şol diliň täsirini saklamaga jan edýär.

– Ors diline resmi statusy berýän ýagdaý onuň diýseň kämlleşen bolmagydyr. Häzirki döwürde ýurtdaky köp ýygnaklar ors dilinde geçirilýär. Okuw jaýlarynda hem ors dili edil şonuň ýaly birinji derejede rol oýnaýar – diýip, Kalen Sadykowa Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdir.

Graždan aktiwistiniň pikrine görä, intelligensiýanyň döwlet diliniň kämilleşdirilmegi barasynda beren teklibi ünsden düşürilmegini dowam etdirýär. Gyrgyzystanda konstitutsiýany ählihalk sese goýluşygy bilen üýtgetmek mümkin ahbetin. 2010-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli şeýe ählihalk sese goýluşygynyň geçirilmegi barasynda moratoriýa yglan edilipdir.

"Şonuň üçinem ýurtdaky esasy kanun ors diliniň resmi statusynyň iň azyndan 2020-nji ýyla çenli saklanmagyna mümkinçilik döredýär" diýip, Kalen Sadykowa belläpdir.

Elinde gyrgyz diliniň gymmatlyklary barasynda şygar göterip duran bir oglanjyk. Illýustratiw surat.

Elinde gyrgyz diliniň gymmatlyklary barasynda şygar göterip duran bir oglanjyk. Illýustratiw surat.

– Döwlet diliniň kämilleşmegi üçin edilýär diýilýän bäsleşikleriň we maksatnamalaryň sapalak ýaly ýalan çärelerdigini pikir edýärin. Esasy talap bolan, ýagny telegepleşikleriň göwrüminiň 50 göterim bolmagy hem döwlet dilini çäklendirýär. Ýagdaý, haçan-da, ors dili ýurtda resmi statusdan mahrum edilen mahaly üýtgär. Ýöne ýurtda şol bir wagtyň özünde beýleki diller üçin hem gerek bolan mümkinçilikler döredilmelidir. Gyrgyzystanyň kanunyna görä, gyrgyz dili döwlet dili statusyna we resmi dil aýratynlygyna eýedir - diýip, Kalen Sadykowa Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdir.

Moskwa saglygyny bejertmäge giden Gyrgyzystanyň prezidenti 23-nji sentýabrda gyrgyzystanlylary "Döwlet diliniň güni" mynasybetli gutlapdyr. "Häzirki döwürde döwlet dilinip kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilendir. Her ýyl döwlet diliniň ýaýrawy hasam giňeýär" diýip, Almazbek Atambaýew özüniň gutlagynda aýdypdyr.

Täjigistanda ors dili konstitutsiýa boýunça "halkara gepleşik dili" hasaplanýar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň konstitutsiýalarynda bolsa ors dili ýatlananogam.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG