Sepleriň elýeterliligi

Siriýa hüjümi: Russiýa Belgiýanyň ilçisini çagyrdy


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa.

Belgiýanyň söweş uçarlarynyň siriýaly obalylary öldürendigi barada Kremliň öňe sürmeleri sebäpli dörän dawanyň netijesinde, Russiýa Belgiýanyň Moskwadaky ilçisini çagyrdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowanyň aýtmagyna görä, 21-nji oktýabrda Belgiýanyň ilçisi Alex Van Meeuwen rus ministrligine bardy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi radar gözegçiliginden alnan delillerde 18-nji oktýabrda Belgiýanyň F-16 söweş uçarlarynyň Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýyndaky Hassajek obasyna hüjüm edendigi we alty adamy öldürip, başga-da dört sanysyny ýaralandygy görünýär diýýär.

Mundan ozal, Belgiýa hem bu waka bilen ilteşikli Russiýanyň Brýusseldäki ilçisini çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG