Sepleriň elýeterliligi

Türk harbylary: 18 sany kürt söweşijisi öldürildi


Türk harbylary 18 sany kürt söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Türk harbylary 18 sany kürt söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Türkiýäniň harbylary ýurduň günorta-gündogarynda we Yragyň demirgazygynda amala aşyrylan howa zarbalarynda 18 sany kürt söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Türk armiýasynyň maglumatyna görä, 21-nji oktýabrda Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda Kürdistan Işçiler partiýasynyň (PKK) 12 agzasy “ýok edildi”.

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin Basýan regionyna edilen hüjümlerde PKK-nyň alty söweşijisi öldürildi diýlip, maglumatda nygtalýar.

Türk harbylary bu wakalardan aýry-aýrylykda Siriýanyň demirgazygynda Kürdistanyň Halk goranmak birleşiginiň alty we “Yslam döwleti” atly toparyň 40 nyşanasyna ot açylandygyny hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG