Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ýene 'saýlama' raýatlara 'elitnyý' jaý paýlandy


Aşgabat, 'elitnyý' jaýlar

Aşgabat, 'elitnyý' jaýlar

Türkmen paýtagtynda penşenbe güni prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary açylyp, ulanmaga berildi.

Halk içinde «elitnyý» diýlip atlandyrylýan täze jaýlaryň Aşgabady ösdürmegiň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlandygy aýdylýar. Berilýän sanlara görä, bu tapgyrda 12 gatly, 44 we 66 kwartiraly jaýlaryň 23 sanysy, gapdalynyň dükanlary, çagalar baglary bilen ulanmaga berildi.

Ol binalaryň 13-si ýurduň ministrlikleriniň we wedomstwolarynyň buýurmagy esasynda gurlan, ýene 10 jaý bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň buýurmagy esasynda gurlupdyr.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda bu jaýlary alýan adamlaryň aýlyk gazançlary, jaýlaryň bahasy we ony üzmek şertleri ýa-da paýtagtdaky abadanlaşdyrmalar zerarly jaýsyz galan adamlaryň sany, olaryň näçesiniň jaý zerurlygynyň kanagatlandyrylandygy barada anyk maglumatlar berilmeýär.

Şol bir wagtda, paýtagtyň özünde we töwereginde ol ýa-da beýleki döwlet edarasynyň buýurmagy esasynda gurulýan täze jaýlaryň bahalarynyň 90 müň amerikan dollaryndan başlaýan bahalarynyň 340 müň amerikan dollaryna çenli baryp ýetýändigi aýdylýar.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä,bu jaýlar ministrlikleriň jaý nobatyna duran we bäş ýyl işlän işgärlerine 50 prosent ýeňillik bilen satylýar, jaýyň galan bahasyny jaý alanyň işleýän edarasy töleýär. Ýöne jaý alan kanun goraýjy edaralarda işleýän bolsa, olar jaýyň diňe 30 prosentini tölemeli.

Bu jaýlaryň 30 ýyllyk möhletde bahasyny doly tölemek şerti bilen berilýändigi aýdylýar.

Ýöne Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň salýan jaýlaryna nobata duranlar gurulmadyk jaýyň 50 prosent bahasyny tölemeli, jaý iki ýylda gurlup, ulanmaga berlenden soň bolsa, galan bergisini bermeli diýen maglumat bar.

Şol bir wagtda ýaş çatynjalara wada berlen we 90 müň dollardan 140 müň dollara çenli bahalanýanjaýlara nobata duran müňlerçe ýaş maşgalanyň köpüsiniň 4-5 ýyl bäri wada berlen jaýlary alyp bilmeýändigini habar berýärler.

«Elitniý» jaýlar diýilýänler ilki gurlup başlananda, olary welaýatlarda ýaşaýan pully adamlaryň hem alyp başlandygy, emma soň «propiska» derňewleri diýilýänler esasynda onlarça adamyň jaýynyň yzyna alnandygy barada habarlar çykdy.

Soňky döwürde bolsa, Aşgabatda propiskasy bolan garyndaşynyň ýa tanşynyň adyna jaý alan adamlaryň hem, täze girizilýän çäklendirmeler esasynda, kyn ýagdaýa düşýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, jaý töleglerini töläpbilmeýänleriň jaýlarynyň yzyna alynýandygy aýdylýar, emma bular barada resmi metbugatda habar berilmeýär.

Bahalary işleýän adamlaryň aýlyk gazançlary bilen deňeşdirilende aşa gymmat görünýän jaýlaryň hyrydarynyň köp bolmagynyň, synçylaryň pikirlerine görä, birnäçe sebäbi bar.

Birinjiden, ol jaýlary ministrliklerde işleýän adamlar, ýeňillik sebäpli satyn alyp, kireýine bermek we soň ýetişen çagalaryna miras galdyrmak isleýärler.

Ikinjiden, Aşgabatda we onuň töwereginde ýylda müňlerçe adamyň jaýyny ýitirmegi we ýeterlik jaý meýdany ýa-da mellek ýeri bilen üpjün edilmezligi bolýan zatlardan gözi gorkan raýatlary döwletiň öňünde uly bergilere girmäge itekleýär.

Ýöne muňa garamazdan, bu jaýlary alan adamlaryň käbiri olary gyşyna ýylatmagyň juda kyndygyny, üstesine eýýämden gaçýan mermerleri hem öz hasaplaryna «düzedýändiklerini», milli manadyň dollaryň garşysyndaky ýagdaýynyň bolsa uly sorag bolup durýandygyny aýdýarlar.

Galyberse, ýeterlik pully müşderileriň tapylmazlygy ýa döwlet çäklendirmeleri zerarly, jaýly adamlara berlen jaýlaryň boş duranlarynyň hem az däldigi aýdylýar.

Mundanam başga, Aşgabat seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýär. Emma muňa garamazdan, ýurduň çar künjeginde mellek ýerini almak, jaý gurunmak uly mesele bolup durýan wagty, Aşgabatda 10-12 gatly we ilatyň aýlyk gazançlary bilen deňelende aşa gymmat jaýlaryň gurluşygy dowam etdirilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG