Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ‘Bollywood’ filmlerine garşy gadaganlyk girizdi


Pakistanlylar "Zila Ghaziabad" atly hindi filmine tomaşa etmäge barýarlar. 2013 ý.

Pakistanlylar "Zila Ghaziabad" atly hindi filmine tomaşa etmäge barýarlar. 2013 ý.

Pakistan özüniň telewizion ulgamlarynda we radio stansiýalarynda “Bollywood” filmlerine we hindi mazmunly beýleki maglumatlara garşy doly gadaganlyk girizdi. Bu waka ýadro ýaragyna eýe iki bäsdeş ýurduň arasynda Kaşmir sebiti zerarly dartgynlylyklaryň güýçlenen mahalyna gabat geldi.

Bu gadaganlyk 21-nji oktýabrdan başlap güýje girýär we muny bozan islendik tele-radio stansiýasynyň işi ýatyrylar diýip, Pakistanyň Elektron habar beriş serişdelerini düzgünleşdirýän edarasy aýtdy.

Pakistanda hindi kinolary meşhur bolup, “Bollywood” hem pakistanly sazandalary we aktýorlary işe alýar.

Resmiler bu çäräniň käbir hindi kinomatografistleri öz filmlerinde pakistanly aktýorlary ulanmagy ret edendigi barada maglumatlar peýda bolansoň kabul edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG