Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB 'Gül Zamana' maliýe goldawyny berer


Türkmen çöregi
Türkmen çöregi

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Türkmenistanda kiçi we orta hususy kärhanalara goldawyny artdyrýar diýlip habar berilýär.

Bankyň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanyň “Gül Zaman” atly hususy kärhanasyna 850 müň amerikan dollary möçberinde karz pul berilýär we bu pul çörek önümleriniň önümçiligi üçin niýetlenýär. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň bu kärhana zerur enjamlary satyn almaga, paýtagtyň merkezinde täze kafe we sergi otagyny açmaga ýardam berjekdigi aýdylýar.

ÝDÖB - Türkmenistan

Türkmenistan bilen 1994-nji ýyldan bäri işleşýän ÝDÖB ýurtda esasan hususy pudaga degişli 53 proýekte gatnaşýandygyny habar berýär. Guramanyň Türkmenistanda ýatyran we ýatyrýan maýa goýumlarynyň umumy bahasy 234 million ýewro möçberinde görkezilýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky ownuk, kiçi we orta biznese goldaw bermegiň özüniň esasy maksady bolup, munuň hususy pudagyň emele gelmegi üçin zerurlykdygyny nygtaýar.

Şol bir wagtda-da, gurama Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn döwletiň goşulyşmagynda dolandyrylýandygyny we döwletiň eýeçiliginde galýandygyny aýdýar, şeýle-de hususy pudagyň örän kiçidigini belleýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça soňky strategiýasy 2014-nji ýylyň maý aýynda kabul edildi.

“Gül Zaman”

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň maliýe kömegine eýe bolan “Gül Zaman” kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň aktiw agzalarynyň biri bolup, paýtagtda we regionlarda amala aşyrylýan iň gymmatbaha gurluşyk proýektlerine gatnaşýan ýerli kärhanalaryň biridir. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Gül Zaman” atly toý mekany hem bu şirkete degişli.

2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi öz agzalarynyň sanawyny we agza bolmagynyň şertlerini mälim etmeýär.

Kiçi telekeçilik we kynçylyklar

Şol bir wagtda-da, türkmenistanly işewürler ýurduň hususy pudagynda bileleşigiň täsiriniň barha güýçlenýändigini, emma oňa agza bolmak düzgünleriniň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda, hususan-da söwda ugrundan kiçi hususy kärhanalaryň onlarçasyna basyş edildi. Diňe Aşgabadyň özünde kiçi dükanlaryň onlarçasy ýapyldy, müňlerçe telekeçiniň iş ýeri bolan uly bazarlaryň aglabasy ýapyldy. “Gündogar”, “Mir”, “Summar” ýaly uly bazarlardan soň “Arzuw” bazaryny ýykmak işi tamamlanyp barýar.

Ýerli telekeçileriň aýtmagyna görä, kiçi kärhanalaryň öňünde kanuny böwetleriň ençemesi döredilýär, şol sanda talap edilýän düzgünnamalaryň we gözegçilik edýän edaralaryň köpelmegi hususy telekeçilik işini agyrlaşdyrýar. Häzirki wagtda hususy kärhanalaryň işine Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi we “Türkmenstandartlary” döwlet agentligi bilen bilelikde Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň hem gözegçilik edýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG