Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek häkimi aýrylyşýan maşgalalary masgaralamagy teklip edýär


Daşkendiň häkimi Rahmonbek Usmanow
Daşkendiň häkimi Rahmonbek Usmanow

Daşkendiň häkimi maşgalalary aýrylyşmakdan saklamak boýunça synanyşygynyň çäginde, aýrylyşmak barada ýüz tutýanlaryň atlaryny köpçülige mälim etmegi wada berdi.

Rahmonbek Usmanow aýrylyşýanlaryň sanynyň köpdügi sebäpli, şeýle betbagt aýallaryň we erkekleriň atlaryny telewideniýe arkaly mälim etjekdigini we esasy gazetlerde çap etjekdigini aýtdy.

17-nji oktýabrda geçirilen resmi maslahatda eden çykyşynda Usmanow 2016-njy ýylyň soňky dokuz aýynyň dowamynda, ýurduň 14 regionyna degişli sanlary sitirläp, maşgalalaryň aýrylyşmagy boýunça görkezijileriň 32%-niň Daşkende degişli bolup, paýtagtyň bu meselede öňde barýandygyny aýtdy.

Nika bozmak boýunça görkezijilerde ikinji orunda Özbegistanyň Jyzak regiony barýar. Bu region aýrylyşan maşgalalaryň 14%-ni emele getirýär.

Usmanow aýrylyşan raýatlaryň atlarynyň Daşkent telekanalynyň gepleşiginde her 15 günden bir gezek agşam sagat 11-de okaljakdygyny we “Daşkent agşamlary” gazetiniň sahypalarynda çap ediljekdigini aýtdy.

Sosial meselelere bagyşlanyp, Dakentde geçirilen maslahata ýurduň täsirli şahsyýetleriniň ençemesi, şol sanda Daşkendiň ymamy Anwar Tursunow, aýallaryň meseleleri boýunça wise-premýer Elmira Bosithonowa, Daşkendiň baş prokurory Batyr Kudrathajyýew we polisiýanyň ýolbaşçysy Bahodir Kurbanow gatnaşdylar.

Daşkendiň häkimi wezipesine 2012-nji ýylda öňki prezident Yslam Kerimow tarapyndan bellenen Usmanow adynyň köpçülikleýin paş edilmeginiň töwekgelçiligi adamlaryň aýrylyşmak isleglerini çäklendirer diýip, pikir edýändigini aýdýar.

Emma Usmanowyň aýtmagyna görä, eger agzalan çäreler aýrylyşýan maşgalalaryň sanyny azaltmasa, ol betbagt maşgalalaryň suratlaryny hem telewideniýe arkaly görkezmekçi.

Gaýyn ene

56 ýaşly Rahmonbek Usmanow gelinleriň we gaýyn eneleriň arasynda köplenç döreýän duşmançylykly gatnaşyklary hem ýazgaryp, Özbegistanda maşgalanyň dargamagynda munuň esasy sebäpleriň biri bolýandygyny aýtdy.

Özbek jemgyýetinde gelinler köplenç gaýyn eneleriniň öňünde borçly hasaplanýarlar we dürli hyzmatlary berjaý etmäge mejbur edilýärler. Şeýle gatnaşyklar dürli kynçylyklary döredýär, netijede maşgalanyň aýrylyşmagyna sebäp bolýar.

Usmanowyň aýrylyşýanlaryň atlaryny mälim edip, olary masgaralamak synanyşygy häkimiň Daşkentde gapma-garşylyklary tutaşdyryn ilkinji çäresi däldir.

Mart aýynyň aýagynda Usmanow Daşkentde tramwaýlaryň “netijeli däldigini” aýdyp, tramwaý ýollarynyň “ýuwaş-ýuwaşdan” aýryljakdygyny mälim etdi.

Onuň bu çykyşy ýurduň Çehiýa Respublikasyndan tramwaýlar üçin 20 million dollarlyk täze wagonlary we beýleki enjamlary satyn almagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Usmanowyň Daşkendiň köne agaçlaryny çapmaly diýmegi, munuň ýaşaýjylar üçin howp döredýändigini, şol sebäpden hem çapylmalydygyny aýdyp, ýakynda eden çykyşy paýtagtlylarda gahar-gazap döredipdi.

Tankytçylar Usmanowyň köne agaçlary çapmak, tramwaýlary ýok etmek çärelerini köçeleri giňeltmek maksady bilen baglanyşdyrdylar. Käbirler çapylan agaçlaryň ýerine kiçi arça agaçlaryň ekilmeginden we olaryň Daşkendiň howasynda uýgunlaşman, gurap galýandygyndan nägile bolýarlar.

XS
SM
MD
LG