Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Karter Yraga geldi


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen, Ankara, 21-nji oktýabr, 2016

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen, Ankara, 21-nji oktýabr, 2016

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter öz harby serkerdeleri bilen duşuşmak we demirgazyk şäher Mosuly «Yslam döwleti» toparynyň ekstremistlerinden yzyna almak baradaky alty günlük hüjümiň gidişine syn salmak üçin Yraga geldi.

Karter Bagdada 22-nji oktýabrda, öňünden habar berilmedik sapar bilen geldi we 17-nji oktýabrda başlanan Mosul operasiýasy barada premýer-ministr Haýdar al-Abadi bilen hem maslahat eder.

Karteriň bu sapary 20-nji oktýabrda Ankarada, türk liderleri bilen duşuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ol şol ýerde Türkiýäniň Mosuly yzyna almak söweşine goşulmagy babatda «prinsipde bir ylalaşyga gelnendigini» aýdypdy.

Bu Karteriň şu ýylda Yraga edýän üçünji sapary we ol amerikan esgeriniň demirgazyk Yrakda bir elde ýasalan bombadan wepat bolmagynyň iki gün soňuna gabat geldi.

Ol esger Yrakdaky 100 çemesi amerikan harbysynyň arasynda bolup, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalaryny ugrukdyrmaga kömek edýärdi.

XS
SM
MD
LG