Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli, hytaýly hakerler uly kiber hüjümini edendigini aýdýar


«Täze dünýä hakerleri» diýilýän twitter arkaly edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
«Täze dünýä hakerleri» diýilýän twitter arkaly edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Hytaýyň we Orsýetiň hakerler topary 21-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň gündogar kenarlaryndan Ýewropa we Aziýa çenli meşhur websaýtlaryň işiniň kesilmegine sebäp bolan giň gerimli kiber hüjüminiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

«New World Hackers», ýagny «Täze dünýä hakerleri» diýilýän twitter arkaly edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma ABŞ häkimiýetleri özleriniň bu aýdylýan zady tassyklap bilmeýändiklerini aýtdylar.

Hakerler Dyn Inc. tarapyndan dolandyrylýan serwerlere «zombi» kompýuterleriň üsti bilen her sekuntda 1.2 terabit maglumat zyňandyklaryny aýtdylar.

"Biz muny federal agentleriň ünsüni çekmek üçin däl, diňe güýç barlamak üçin etdik» diýip, özlerini "Prophet" we "Zain" atlandyrýan iki toparyň agzalary twitter arkaly AP habar gullugyna aýtdy.

Olar bu hüjüme 10 hytaýlynyň, 20 orsýetliniň gatnaşandygyny aýtdylar.

Uly websaýtlara, şol sanda Twitter, Netflix, Spotify we PayPal saýtlaryna hyzmat edýän Dyn bu hüjümleriň arkasynda kimiň durandygyny bilmeýändigini aýtdy.

FDB, FBI bu işi derňeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG