Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkuk jeňçilerden saplandy


Kerkukda tutulan jeňçi
Kerkukda tutulan jeňçi

Yragyň howpsuzlyk güýçleri Kerkuk şäherine edilen hüjümde «Yslam döwleti» ekstremist toparyndan üstün çykyp, Yragyň demirgazygyndaky nebit şäherine doly kontrollygy dikeltdi diýip, Yragyň döwlet telewideniýesi 22-nji oktýabrda habar berdi.

Şäheriň häkimiýetleri jeňçiler 20-nji oktýabrda polisiýa stansiýasyna we beýleki binalara zabt edenlerinden soň girizilen komendant sagadyny bölekleýin ýatyrdylar diýip, telewideniýe Kerkukdaky habarçysyna salgylanyp aýtdy.

Habarlarda hüjüm mahalynda howpsuzlyk güýçleriniň we elektrik stansiýasynyň işgärleriniň azyndan 18 agzasynyň, şol sanda dört eýranlynyň öldürilendigi aýdyldy.

Kerkuk polisiýasy 22-nji oktýabrdayrak güýçleriniň «Yslam döwleti» toparynyň şäheriň käbir böleklerine aralaşan jeňçileriniň 48-sini öldürendigini aýtdy.

Kerkuk Bagdadyň 290 km çemesi demirgazygynda, Mosulyň 170 km günorta-gündogarynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG