Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ykdysadyýeti 'doly döwrebaplaşdyrdym' diýýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, ýurduň ykdysadyýetiniň "doly döwrebap ýagdaýa getirilendigini", "Türkmenistanyň demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny" aýtdy.

Şol bir wagtda-da prezident degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde dükanlarda «senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygyny hökmany üpjün etmegi» tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Türkmenistandan çilimden başlap ösümlik ýagyna, şekere çenli, halkyň esasy sarp edýän harytlarynyň gytalýandygy we gymmatlaýandygy barada habarlar gowuşýar.

Ýerli synçylar bu gytçylyklaryň banklarda we pul çalşylýan nokatlarda daşary ýurt walýutasyna girizilen gadaganlyklardan başlanyp, barha beterleşýändigini, üstesine işleýän adamlaryň manatda alýan aýlyklarynyň hem gijikdirilýändigini, bankomatlarda manat ýetmezçiliginiň dowam edýändigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, hökümet maslahatynda aýlyklaryň, stipendiýalaryň we kömek pullarynyň öz wagtynda berilýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň mejlisde beren hasabatynda aýdylmagyna görä, «häzirki wagtda döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny, hususan-da ilatdan kabul edilýän dürli görnüşli tölegleri ýygnamagyň we hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak boýunça iş alnyp barylýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda basym internete çatylan islendik kompýuterden ýa-da telefondan maliýe hasaplaşyklaryny amala aşyrmak mümkinçiligi dörediler.

Mejlisde Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri pagta boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatyny mähriban halkymyzyň giňden goldamagy, kim näme diýse-de, garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda öndürilen önümleriň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, esli köpelendigi, şonuň bilen bir wagtda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6.2 prosent bolandygy aýdyldy.

Halkara pul fondy bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwründe 7.5 prosent bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň soňky döwürde millionlarça dollar maýa ýatyran pudaklarynyň biri bolan syýahatçylyk boýunça, 9 aýda 83 müň gowrak syýahatça hyzmat edilip, 33 million manatdan gowrak girdeji alnandygy aýdylýar.

Ylym, bilim pudagynda gazanylýan ösüşler mysal getirilip, hasabat döwründe kitap önümleriniň 266 görnüşiniň, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň bolsa 155-siniň neşir edilendigi aýdyldy.

Prezident Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň hasabatlaryny diňläp, käbir ministrlikleriň işinde kemçilik bar diýmeseň, ýylyň netijeleriniň «erbet bolmandygyny» aýtdy.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, geçen 9 aýyň dowamynda Türkmenistanda umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 122 sany iri desga işe girizildi.

«Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 53 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2000-den gowrak dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar» diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Ol şu ýyl gowy galla hasylynyň alnandygyny, pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilendigini, beýleki ugurlarda hem «ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny» nygtady, ýöne ýylyň dowamynda geçiren göçme mejlislerinde eden tankydy bellikleriniň "beren netijeleri" barada hiç zat aýtmady.

Türkmen lideri şu ýyl Türkmenistanyň Baş kanunyna üýtgetmeleri girizmegiň «demokratik, adalatlylyk we doly aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini hem bellemek isleýärin» diýdi.

«Berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatyny mähriban halkymyzyň giňden goldamagy, kim näme diýse-de, garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna doly şaýatlyk edýär» diýip, prezident aýtdy.

Berdimuhamedow soňky ýyllarda «amala aşyrylan düýpli özgertmeler» dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýete ýetirýän täsirini azaltmaga, jemi içerki önümiň ösüşini «ýokary derejede, ýagny 6.2 göterim möçberinde saklamaga, manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyna, içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga-da mümkinçilik berýär» diýip pikir edýär.

«Biz Ata watanymyzy ösdürmegiň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýarys we geljekde hem şu ýoldan öňe gitmegimizi dowam ederis» diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanda «ösüşiň milli nusgasynyň durmuşa ukyplylygyny we netijeliligini subut edendigini» nygtady.

Emma synçylar, halkara hukuk toparlary Türkmenistanda syýasy-ykdysady we medeni azatlyklaryň yzygiderli çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Ýurt içinden gowuşýan habarlarda bolsa, işsizligiň, korrupsiýanyň giň ýaýrandygy, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýyl-ýyldan peselýändigi, iş, okuw we saglyk meseleleri sebäpli daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG