Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ministrlere täze kitabyny sowgat berdi.


Täze kitaby sowgat alan resmi
Täze kitaby sowgat alan resmi

Prezident G.Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda özüniň täze ýazyp gutaran «Türkmenistan» atly kitabyny ministrlere we beýleki ýolbaşçylara sowgat berdi.

Türkmen lideri şu ýyldaky ýedinji kitabyny ýazyp gutarandygyny we ony Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde sowgat berjegini bir hepde öň geçiren mejlisinde aýdypdy.

Prezidentiň täze kitaby garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylandygy aýdylýan uly üstünlikleri beýan etmäge bagyşlanypdyr.

G.Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri 40 çemesi kitap çap etdirdi we onuň ýüzlenýän temalarynyň geriminiň örän giňdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG